Agyz-burun örtügini peýdalanmagyň düzgünleri
Örtük – agyz we burun nemli bardalaryny howa-damjalaýyn ýollar bilen geçip bilýän ýokançlaryň düşmeginden goraýan ýönekeý serişdedir. Emma, hakykatdan-da, goranmak üçin örtügi dogry peýdalanmaklyk örän wajypdyr.



Eýsem, örtük dakynmazdan öň nämelere üns bermeli?

Elleriňizi sabyn bilen ýuwuň ýa-da ýörite gel bilen arassalaň!
Örtükde we onuň bagjygynda zeperlenme bardygyny-ýokdugyny barlaň;
Zeperlenen/ýyrtylan örtük degişli goragy üpjün edip bilmeýär. Ýyrtylan ýa-da çyg örtügi dakynmak maslahat berilmeýär;
Örtügi onuň metal gysyjysyny ýokarlygyna ýerleşdirip geýmeli.


Örtügi nädip geýmeli?

Reňkli tarapyny daşyna ediň!
Metal gysyjysyny burnuň sudury boýunça egreldiň!
Örtügiň ýüzüňize mäkäm bolmagy we örtük bilen ýüzüňiziň arasynda yş bolmazlygy wajypdyr;
Burnuňyzy we eňegiňizi örtük bilen ýapyň!
Diňe burnuňyzy ýa-da diňe agzyňyzy ýapmak ýeterlik däldir!
Gapdallaryndan yş galdyrmazdan, ýüzüňizi mäkäm ýapmaly;
Syrlaşyp durmaýan örtügi dakynmaly däl!
Örtük dakynan çagyňyz elleriňiz bilen ýüzüňizi ellemäň;
Örtügiň öň tarapyny ellemek maslahat berilmeýär!
Kimdir biri bilen gürleşmek üçin örtügiňizi aýyrmaly däl; dakynan örtügiňizi ellemejek boluň!


Örtügi näçe wagt dakynmaly?

Bir gezeklik örtükleri 2 sagada çenli dakynmak bolýar. Bu wagt aralygy tamamlanandan soň ol ýuwaş-ýuwaşdan özüniň goraýjylyk häsiýetlerini ýitirip başlaýar, 4 sagatdan soň bolsa asla howply hem bolup biler, şol sebäpli örtükleriňizi 2-3 sagatdan ýa-da häli-şindi çalşyp duruň;

Eger örtüge çyg degen bolsa ýa-da haýsydyr bir sebäplere görä zeperlenen bolsa – şol wagtyň özünde çalşyň!



Örtügi nädip aýyrmaly?

Elleriňizi sabyn bilen täzeden ýuwuň ýa-da olary antiseptik bilen arassalaň. Örtügi diňe halkasyndan ýa-da daňysyndan tutup aýyryň, sebäbi onuň öň tarapy hut bakteriýalaryň we wiruslaryň ýygnanýan ýeridir.



Örtügi ulanyp bolanyňyzdan soň näme etmeli?

Ulanylan örtügi açyk elýeter ýerde goýmaly däl;

Ony şol durşuna bedräniň içine atmaly däl, ilki bilen polietilen pakete salmaly we mäkäm ýapmaly. Mundan soňra ýene bir ýola elleriňizi ýuwmaly ýa-da arassalamaly!



Lukmançylyk örtüklerini ýuwmak bolýarmy?

Bir gezeklik lukmançylyk örtükleri, sözüň doly manysynda, bir gezeklikdir. Olary ýuwmak, arassalamak ýa-da ýelejiretmek düýbünden bolýan däldir. Olar öz goraýjylyk häsiýetlerini gutarnykly ýitirýärler we keselleriň ojagyna öwrülýärler;

Örtügi ikinji ýola ulanmak gerek däl!



Örtük nähili bolmaly?

Örtükler bir gezeklik hem, köp gezeklik hem bolup biler, emma olar hökmany suratda gigiýena taýdan arassa we bolmaly we rahat dem almaklyga mümkinçilik bermeli. Netijelilige kowalaşmak bilen gatlarynyň sanyny çenden aşa artdyrmaň, bu dem almaklygyňyzy kynlaşdyrar. Gündelik ulanyş üçin köp gezeklik zyýansyzlandyrylmadyk örtükler hem ýeterlikdir.



Ölçegleri we materialy

Köp gezeklik mata örtükleri, nemli bardalara wirusyň düşmeginiň öňüni almak üçin, agzyňyzy we burnuňyzy doly ýapmalydyr. Köp gezeklik örtükleriň pagta, kendir ýaly tebigy materiallardan taýýarlananlaryny saýlaň, tebigy mata howany goýberýär we kadaly dem almaklyga mümkinçilik berýär, sintetiki materiallaryň astynda bolsa parnik effekti, ýagny bakteriýalaryň köpelmegi üçin juda amatly şert döreýär.



Matadan taýýarlanan örtükleri nähili ýagdaýda dogry dakynmaly?



Mata örtükleri köp gezeklikdir, şol sebäpli olary, dermanhanalardaky bir gezeklik örtüklerden tapawutlylykda, ýuwmak bolýar hat-da ýuwmak gerek hem. Olary kir ýuwulýan maşyna atyp hem bilersiňiz, ýa-da bolmasa elde gyzgyn suwa sabynlap hem ýuwup bolar. Mundan soňra bug bilen arassalamak we ütüklemek, indiki gezek peýdalanmak üçin gowy edip guratmak zerur.

Örtügi ýüzüňize geýmegiňizden öňürti eliňizi ýuwuň we arassalaň. Onuň diňe “gulajyklaryndan” tutuň, ýüzüňize dakylgy wagty ellemäň we her 2-4 sagatdan yzygiderli çalşyp duruň. Ulanylan örtükleri aýratyn pakete salyň, şeýle hem onuň daş ýüzündäki bakteriýalar we wiruslar beýleki zatlara galtaşmaz ýaly, olary aýratyn ýuwuň.



Örtük ýeterlikmi?

Ýatda saklaň, örtük – “böwet” görnüşli gorag serişdesidir. Örtügiň wezipesi – üsgürilende, asgyrylanda döreýän, şeýle hem wiruslaryň bolup biläýjek çyg damjalaryny saklamakdyr.

WAJYP! Örtükler diňe öňüni alyş çäreleriniň beýleki usullary (aragatnaşyklardan gaça durmak, elleriňi häli-şindi ýuwmaklyk, predmetleri arassalamaklyk) bilen utgaşdyrylan ýagdaýynda netijelidir.



Elleriňizi yzygiderli ýuwmaklygy we antiseptiki serişdeleri peýdalanmaklygy ýatdan çykarmaň. Adamlaryň üýşýän ýerinden gaça duruň we 1,5-2 metr howpsuz aralygy saklaň!

Janyňyz sag bolsun!

Täzelikler, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir