''Karadedeler wakasy''


Bu Goja Zeminiñ üstünde bolup geçýän hadysalara, gizlin syrly wakalara kä wagtlar biz ünsümizi sowmaga ýykgyn edýäris.
Paranormal we metafiziki wakalaryñ anygyna, añyrsyna ýetmek üçin biz gymmatly wagtymyzy köp sarp edýäris.
Ýöne onuñ nämälimliginiñ aslyna ýetmäge bolsa gorkýarys. Sebäbi paranormal wakalaryñ çözgüdi ýok ýaly, esasy onuñ nädip bolup geçendigi köpleri gyzyklandyrýar.
Siz Türkiýada bolup geçen ''Karadedeler olayı'' hakynda eşidip gördüñizmi? Bu hakda halypa.ru ( http://halypa.ru/forum/index.php?id=2115) internet sahypasynda giñişleýin türk dilinden türkmençä terjime edilen maglumatlar galdyrylypdyr.
Bilnişi ýaly Karadedeler ady bilen 1989-njy ýylda Türkiýede iniñi tikeneklediji gorkunç waka bolup geçýär. Şol ýylky gazetleriñ habar bermegine görä şol obada ikindinara sagat 17:00-dan agyberende adamlaryñ gözlerine elhenç mahluklar, ýagny jynlar görünipdir. Şol obada hiç kim ýokarda görkezilen wagtdan soñ daşary çykmaga milt edip bilmändir. Bu habarlar gazetlerde kiçeñiräk görnüşde ýazylypdyr.
Bu habarlary ünsden düşürmedik £urnalist (adynyñ baş harplary H. B.) wagt ýitirmän şol oba barýar we ýaşaýjylaryñ gürrüñlerini wideoreporta£a düşürmäge başlaýar. Adamlar hakykatdanam sagat 17:00-dan soñ köçä çykyp bilmeýändiklerini, gorkýandyklaryny, jynlaryñ bu obany eýeländigini aýdýardylar. Adamlaryñ aýdyp berýän geñ-tañsy zatlaryna haýran galan H. B. atly £urnalist bu ýerde on-on bir günläp galýar we ol bu obada ne jyna, ne-de arwaha gabat gelýär. Netije bolmansoñ öz kamerasyny şol ýerde bir maşgalada önüp-ösen bir oglanjyga berip yzyna dolanýar. £urnalist obadan çykyp gaýdanyna üç gün dagy wagt geçýär. Soñra ony, öýüne gelen polisiýalar, şol jynly obadaky bolup geçen elhenç waka gatnaşany üçin alyp gidýärler. £urnalist wakanyñ bolan ýerine baryp görse näme görendir diýip çak edýärsiñiz!?
Şol £urnalist eline kamerasyny tutduran oglanjygy we ýedi adamynyñ gorkunç şekilde öldürilendigine göz ýetirýär. Soñra polisiýa işgäri otaglaryñ birinde ýüzünde gan bilen £urnalist H. B-niñ arapça ady ýazylandygyny görkezipdir. Polisiýanyñ başlygy A. S. bolup geçen wakanyñ anygyna ýetmek üçin £urnalist H. B. soraga çekýär. Bu waka halky dowula düşürmesin diýen niýet bilen kerçelenip öldürilen 7 jesedi obanyñ golaýynda jaýlaýarlar. Şol wakadan soñ obanyñ adamlary başga ýere göçüp gitmäge mejbur bolýarlar.
£urnalist H. B. berilen soraglara dogry jogap bereninden soñ ony goýberipdirler.
Bu wakadan soñ H. B. ýene bu işleriñ aslyna ýetjek bolup şol oba barýar we birden ýitirim bolup, gaýdyp dolanyp gelmeýär. £urnalisti sorap idän polisiýa işgärleri ýene oba barýarlar we hiç hili yz tapman, soñunda obanyñ gabadyndaky tokaýlykda £urnalista degişli zatlar, egin-eşikler, depderler tapylýar. Polisiýanyñ protokolyna £urnalist H. B-iñ hem ady şol ýerde heläk bolanlaryñ arasyna goşulýar. Polisiýanyñ başlygy hem şol wakadan bir ýyl geçeninden soñ kellesi üýtgäp hassahana düşýär we 2006-njy ýylda ol özüni atyp öldürýär. Ol ölensoñ polisiýanyñ gyzy S. F. kakasynyñ şahsy dokumentlerini barlap görýär. Ol dokumentleriñ arasynda üç sany wideokasseta tapýar. Birinji kassetada £urnalistiñ obada geçiren reporta£y, ikinji kassetada kakasynyñ £urnalisti soraga çekişi, Üçünji kassetada bolsa on dörtýaşly oglanjygyñ düşüren ýazgylaryny görýär. Olaryñ arasynda on dört ýaşly oglanjygyñ düşüren wideoýazgysynyñ gaty gorkunçdygyna tagapyl edip bilmän kassetany çykarýar.
S. F. bu kassetalary 2008-nji ýyla çenli gizläp saklaýar, soñra bu üç kassetalary satýar.
Soñra bolsa bu kassetalar jemlenip ''Karadedeler wakasy'' atly kinofilm çykarylýar. Kinofilm hakyky dokumental edilip çykarylypdyr welin, oña hiç zat goşulmandyr ýa-da aýrylmandyr.

Täzelikler, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir