Awtoulagyň akkumulýatorynyň möhletinden öň çökmeginiň dört sebäbi
"За рулем" ("Rul başynda") žurnalynyň hünärmeni Mihail Kolodoçkin awtoulagyň akkumulýator batareýasynyň (AKB) wagtyndan öň hatardan çykmagynyň dört sany esasy sebäbini aýtdy. Bu barada RIA Nowosti agentligi ýazýar.

Hünärmen awtoulag eýelerini täze batareýa satyn alanda pul tygşytlamazlyga çagyrdy. Ol köp telekeçileriň gurşun plastinlerini azaltmak arkaly batareýany öndürmek üçin çykdajylary azaltmaga synanyşýandygyny aýtdy. "Ýeňledilen" görnüşde batareýa birnäçe wagtlap işlese-de işlär welin, ýöne ol indi artykmaç agrama çydap bilmez, mysal üçin gyşda sürmäge kän bir ýaramaz.
Awtoulag hünärmeni:

"Galyberse-de, plastinler näçe az bolsa, batareýanyň kuwwaty we gory şonça-da pes bolar. Şonuň üçin beýle batareýa uzak hyzmat etmez" - diýip belleýär.

Batareýanyň wagtyndan öň hatardan çykmagynyň ýene bir sebäbi önümiň nädogry ulgamda gurulmagy bolup biler.

"Käbir häzirki zaman akkumulýator batareýalary AGM tehnologiýasy arkaly öndürilýär. Olar has köp "otla-öçür" aýlawyna niýetlenendir. Şonuň üçin olar "start/stop" ulgamly awtoulaglarda ulanylmaly" - diýip, hünärmen belleýär.

Şeýle-de bolsa, Kolodoçkin şular ýaly awtoulaglaryň eýeleriniň tygşytlamagyň hatyrasyna awtoulagyň hatardan çykan öz batareýasyna derek “adaty” batareýany satyn alýandygyny we bu ýagdaýlarda täze batareýanyň has çalt bozulýandygyny duýdurýar.
Bilermeniň sözlerine görä, batareýanyň wagtyndan öň "ölmeginiň" ýene bir sebäbi - temperaturanyň peselmegi. Awtoulag eýelerinden talap edilýän zat - iň bolmanda, yssy we sowuk howada batareýanyň ýagdaýyna gözegçilik etmek diýip, ol düşündirýär.
Mundan başga-da, sürüjiniň geleňsizligi hem batareýanyň wagtyndan öň hatardan çykmagyna sebäp bolup biler diýip, Kolodoçkin aýdýar. Ol käbir awtoulag eýeleriniň diňe bir görnüşi ýa-da elektrik parametrleri boýunça däl, hatda ölçegi boýunça laýyk gelmeýän batareýany hem satyn alyp bilýändigini aýtdy.

Şeýle hem şular dogrusynda okap bilersiňiz:

Bejergisiz 500-700 müň km geçýän iň ygtybarly döwrebap hereketlendirijiler
Ulagyň "derdini" tüssesiniň reňkinden nädip anyklamaly?

Tehnologiýa, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir