BIR GEZEK СOVID-19 BILEN KESELLÄP GUTULSAŇ, KESEL TÄZEDEN ÝOKUŞYP BILÝÄRMI?

COVID-19-yň gaýtadan ýokaşmagy şu güne çenli keselden sagalan adamlarda entek doly tassyklanmady. Hususan-da, täzeden ýokuşmanyň bolup geçmeýändigini alymlar entek subut etmediler. Ýöne, endemik betakoronawirus bilen kesellän adamlarda ýokuşma başlanyndan 90 günsoň ýene-de kesele duýgurlygyň döremegi mümkin. Eger adam 90 günüň dowamynda COVID-19 alamatlaryny gaýtadan duýup başlasa we barlagy ýene položitel çyksa, ol ýokanç keseller hünärmeni we lukman bilen maslahatlaşmaly we özüni köpçülikden çetleşdirmeli.

COVID-19 bilen kesellän adamlar adatça antikor diýilýän immun molekulalaryny öndürýärler we wirus bilen täzeden kesellemeýärler. Antikorlary anyklaýyş barlaglary arkaly COVID-19-dan gutulan adamlarda wirusyň täzeden ýokuşmagyna garşy immunitetiň bardygyny ýa-da ýokdugyny tassyklaýansubutnama henize çenli tapylmady.

Meýletinçileri ýakyndan yzarlaýan COVID-19 waksina barlaglary immunitet we gaýtadan kesellemegiň öňüni alyş şertleri hakynda has köp maglumat berer.

Çeşme: saglyk.org

Täzelikler, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir