Emir Teymir Leñiñ agtygy Ulugbek 1394-nji milady ýylynda dogulyar. 1409-njy ýylda ýagny 15 ýaşynda ol kakasy tarapyndan samarkanda häkim bellenyar. Ol 40 ýyl tagtda oturyar. Ylyma, parahatcylyga uly uns beryär. Öz döwrunde dünyade deñi- taýsyz obserwatoriýa guryar we älemi .asman jisimlerini öwrenyar. Ol ogly Abdyllatyby hem özi ýaly alym edip ýetişdirmegi maksat edyar. Emma bu tersine bolyar. Ogly zalym we jeñbaz bolup yetişýar. Ulugbek paty$a ýaşynyñ sonunda ogly bilen arasy bozulyar, sebabi ogly name diyse ony tersine edyardi we tagty atasyndan almak.hökmurowan patyşa bolmak isleyardi. Ulugbek ogluna temmi bermek ucin goşuny bilen oglunyn ustune ugraýar. Ogly atasyndan ötunc soramakdan gecen gaytam öz goşuny bilen atasynyn garşysyna uruş edyar. Ulugbek bu garaşylmadyk söweşde yenilyar we samarkanda çekilyar. Emma gala derwezesini acmayarlar yagny yzyndaky wezir.wekilleri Ulugbek patyşa donuklik edyarler. Alym patyşa bialac zalym oglunyn baryp aýagyna ýykylýar. Abdyllatyp atasyny sud etdiryar kazylar, din wekilleri Ulugbege käbä gidip '' günasini'' ýuwup gelmeli diyip karar cykaryarlar. Hacanda Ulugbek käbe ýoluna ugranda ogly Abdyllatybyn gizlin buýrugy esasynda onun yzyndan kowgy ugradylyar. Käbe yolunda 1449-njy ýylyñ noyabr aýynda 40 ýyllap paty şalyk eden 55 ýaşly alym gojanyn oglunyn buyrugy esasynda kellesi alynýar. Abdyllatyp atasyny öldurip tagty eyelap maksadyna yetendirin öydyar. Emma hasapsyz zat yok. Ol bary .yogy 6 ay patyşalyk edyar. Zalymlygy sebapli da şynda adam galmayar. Eysem atasyna rehim etmedik adamdan kim gowulyga garaşyp biler. 1450.nji ýylda bagy.now seýil bagynda seyil edip yörka Abdyllatyp öz töweregindaki adamlary tarapyndan öldurilyar we kellesini halk görer ýaly yerde asyp goýýarlar...

Arxiv
Taýarlan: Arslan Alaýew

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir