ABŞ-nyň hökümeti kompaniýalara koronawirusa garşy 100 mln doza sanjym sargyt etdi
ABŞ-nyň hökümeti BioNTech nemes kompaniýasyndan we Pfizer amerikan kompaniýasyndan koronawirusa garşy 100 mln doza sanjym sargyt etdi. Bu barada BioNTech kompaniýasyna salgylanmak bilen TASS habar berýär.

Nemes kompaniýasy ilkibaşda ABŞ-nyň hökümetiniň bahasy 1,95 mlrd dollar bolan 100 mln dozany sargyt edendigini habar berdi. Ştatlaryň 500 mln goşmaça doza çenli almaklarynyň mümkindigi hem bellenilip geçilýär.

Bu şertnama amerikan hökümetiniň koronawirus ýokanjynyň ýaýrawynyň öňüni almak üçin sanjymy taýýarlamak işini we önümçilik depginini çalt ýokarlandyrmak boýunça Operation Warp Speed meýilnamasynyň bir bölegi bolup durýar.

“Operation Warp Speed meýilnamasynyň kömegi bilen biz amerikanlaryň şu ýylyň ahyrynda hiç bolmanda bir howpsuz we täsirli sanjymy almak mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin sanjymlaryň toplumyny ýygnaýarys” – diýip, ABŞ-nyň Saglygy goraýyş we sosial gulluklary ministrliginiň sekretary Aleks Azar belleýär.

Agentligiň ýazmagyna görä, Pfizer we BioNTech iýulda özleriniň sanjymlarynyň howpsuzlygyny we täsirliligini barlagdan geçirmegi, oktýabrda bolsa serişdäni belletmek üçin talapnama tabşyrmagy meýilleşdirýärler. Olar 2020-nji ýylyň ahyryna çenli 100 mln doza çenli we indiki ýylyň ahyryna çenli 1,3 milliarddan gowragy öndürmegi göz öňünde tutýarlar.

Öň, Moderna amerikan biotehnologik kompaniýasy koronawirusa garşy sanjymyň kliniki synaglarynyň birinji tapgyryny tamamlady. Olar barlaga gatnaşyjylaryň ählisinde immunitetiň güýçlenýändigini görkezdiler.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir