PYGAMBERLERE IMAN



Pygamberler Allatagalanyñ wahysyny (habaryny) Ýer ýüzündäki adamlara ýetirýän ilçilerdir. Ylahy kitap berlen pygamberlere ''Resul'' diýilýär. Özüne aýratynlykda kitap berilmän, özünden öñki bir pygamberiñ kitabyna görä dini dowam etdiren pygamberlere bolsa ''Nebi'' diýilýär.
Pygamberlik hezreti Adam atadan başlap, hz. Muhammet aleýhissalamda tamamlanýar. Bu iki pygamberiñ aralygynda ençeme pygamberler gelip geçipdirler. Olaryñ sany barada Gurhany Kerimde anyk maglumat berilmeýär. Ýöne ''Mü'min'' süresiniñ 78-nji aýatynda: ''Hakykatdan hem, Biz senden öñ pygamberleri iberdik. Olaryñ arasyndan saña habar berenlerimiz hem bar, habar bermediklerimiz hem bar'' diýilýär. Gurhany Kerimde ady tutulan pygamberler şulardyr:
1. Hz. Adam (a.s.)
2. Hz. Idris (a.s.)
3. Hz. Nuh (a.s.)
4. Hz. Hud (a.s.)
5. Hz. Salyh (a.s.)
6. Hz. Lut (a.s.)
7. Hz. Ybraýym (a.s.)
8. Hz. Ysmaýyl (a.s.)
9. Hz. Yshak (a.s.)
10. Hz. Ýakup (a.s.)
11. Hz. Ýusup (a.s.)
12. Hz. Şugaýb (a.s.)
13. Hz. Eýýub (a.s)
14. Hz. Musa (a.s.)
15. Hz. Harun (a.s.)
16. Hz. Dawut (a.s.)
17. Hz. Süleýman (a.s.)
18. Hz. Ýunus (a.s.)
19. Hz. Ylýas (a.s.)
20. Hz. Elýas (a.s.)
21. Hz. Zulkifl (a.s.)
22. Hz. Zekeriýa (a.s.)
23. Hz. Ýahýa (a.s.)
24. Hz. Isa (a.s.)
25. Hz. Muhammet (s.a.w.)

Gurhany Kerimde atlary agzalýan Uzeýr aleýhissalamyñ Lukman aleýhissalamyñ we Zulkarneýn aleýhissalamyñ weli, salyh we ýagşyzada adam bolandyklary aýdylýan hem bolsa, olaryñ pygamberdigi ýa-da däldigi hakynda anyk maglumat ýokdur.
Pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyñ hadyslarynyñ birinde bolsa jemi 124 müñ nebiniñ we 315 sany resulyñ ýaşap geçendigi habar berilýär (el Müsned, 5\226).



''NAMAZ KITABY''
Türkmenistanyñ müftüsiniñ müdüriýeti,
Aşgabat-2014.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir