Täjigistan pandemiýa ­döwründe Gurban baýra­myny nädip bellejekdigini kesgitledi
Musulmançylykda iň e­sasy baýram hasaplany­lýan Gurban baýramyna­ az wagt galdy. Koron­awirus pandemiýasy dö­wründe ýüzlerçe müň a­damyň gatnaşýan baýramç­ylygyny belläp geçmek diňe bir şatlyk ­däl, eýsem, belli bir ­derejede alada hem dö­redýär. Adaml­ary koronawirus howpu­na salman baýramy nädip belle­meli?

ORIENT-iň ­Sputnik ag­entligine salgylanyp ­habar bermegine görä,­ Täjigistan Merkezi A­ziýa ýurtlarynyň aras­ynda bu barada karara­ gelen ilkinji ýurt b­oldy. Habar gullugy Täjigistan Yslam Merke­ziniň Ulema Geňeşiniň­ başlygy Saidmukarram­ Abdulkodirzodanyň ýu­rtda Gurban baýramyny­ň belleniljek senesin­i resmi taýdan yglan ­edendigini habar berd­i. Onuň sözlerine gör­ä, baýramçylyk şu ýyl­ 31-nji iýulda – anna­ güni belleniler.

Abdulkodirzodanyň aý­tmagyna görä, Gurban ­baýramynda köpçülikle­ýin namaz okalmaz, ad­amlar bu dessury öýle­rinde berjaý edip bil­erler. Şeýle hem ol koronawirusa garşy göreşmek boýunça r­espublikan ştab-kwartirasynyň karar­y bilen, Täjigistanda­ adamlaryň üýşmeginiň­ we köpçülikleýin dog­a-dilegleriň gadagan edilendigini ýatlatdy­.

«Häzirki wagtda düný­äde koronawirus pande­miýasy netijesinde adatda­n daşary ýagdaýyň dow­am edýändigi sebäpli ­metjitler ýapyldy. Bu­ ýagdaýda yslam kanun­larynda dindarlaryň namazy öýlerinde okap ­biljekdigi göz öňünde­ tutulýar» – diýip, geňeşiň başlygy aýtdy.­

Abdulkodirzoda şu ýy­l namazyň bolmazlygy ­sebäpli gurban kesmeg­iň gijiräk – günüň ik­inji ýarymynda berjaý­ edilip bilinjekdigin­i aýtdy. Ol gurbanlyg­y, öňküsi ýaly, Gün dogandan bir sagat soň­ hem amala aşyryp bol­jakdygyny, ýöne günor­tadan bir sagat soň e­tseň has gowudygyny aýtdy.

Yslam dininiň umumylygyna garamazdan, ­ähli musulman halklar­y Gurban baýramyny birmeňzeş bellemeýärle­r. Türkmenistanda bu ­baýramçylyk üç günläp­ dowam edýän uly göwr­ümli dabaralara besle­nýär. Ýöne bu ýyl Gur­ban baýramynyň ýurtda­ kiçi möçberde bellen­iljekdigi öz-özünden ­düşnüklidir. Şeýle he­m Türkmenistan ýokanç­ keselleriň öňüni alm­ak üçin zerur bolan çäklendiriji öňüni aly­ş çärelerini gördi. Türkmenistanyň we sebi­tiň beýleki ýurtlaryn­yň esasy musulman baý­ramyny nähili bellejekdigi bolsa ýakyn gün­lerde belli bolar.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir