ÝASINI ŞERIF SÜRESINIÑ PAZYLATLARY

Mälik bin Ýesar (r.a) dan rowaýat edilipdir: Pygamber (s.a.w.): ''Gurhanyñ kalby Ýasini şerifdir. Kim ony Alla razylygyny talap edip we ahyrýet sogaby üçin okasa, Allah onuñ günälerini magfyret eder. Ony ölüleriñiziñ ruhyna okañ'' diýdi.
(Nesei, Ymam-y Ahmet, Beýhaki)
* * *
Ebu Hureýradan (ra) rowaýat edilipdir. Pygamber (s.a.w.) şeýle diýdi: ''Kim bir gijede, Alla razylygy üçin Ýasini okasa günäleri af (ýalkanyş) ediler.
(Ymam Mälik, Beýhaky, Tirmizi)
* * *
Enes (ra) rowaýat edilipdir: ''Resulalla (s.a.w.) şeýle diýdi: ''Her zadyñ bir kalby bardyr we Gurhanyñ kalby (ýüregi) Ýasindir. Her kim Süreýi Ýasini okasa Allah oña bu süräni okamagy sebäbi bilen Gurhany on sapar okan ýaly sogap yhsan eder.
(Tirmizi, 5813)
* * *
Hz. Alydan (ra) rowaýat edilşine görä Resulalla (s.a.w.) onuñ özüne, ýagny hezreti Ala şeýle diýdi:
''Ýa Aly! Ýasin süresini oka, Ýasin süresinde on bereket bardyr:
1. Ýitigi bolan okasa, ýitigine gowuşar.
2. Zyndana düşen adam okasa zyndandan çykar.
3. Ýalañaç okasa geýdiriler.
4. Ony okaýan aç doýar.
5. Öýlenmedik öýlendiriler.
6. Ýolçy okasa, ýolçulygynda ýardam alar.
7. Suwsuz okasa, suwdan ganar.
8. Hassa okasa, şypa tapyp sagalar.
9. Gorkan kişi okasa, gorkmaz.
10. Öljek bolýan hassanyñ ýanynda okalsa, derdi ýeñlär...
* * *
Hz. Aýşadan (ra): ''Muhakkak kiý Kuranda bir süre bardyr. Köp okaýana bu süre şepagat eder. Diñleýän bolsa magfiret ediler. Ol süreýi Ýasindir''.



BİLGİSAYAR HATLI 41 YÂSÎN
Türkçe okunuşlu ve meâlli.
Merve yayınları.
Elmalılı M. Hamdi YAZIR
Terjime eden: Jeksparro

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir