GYSGA GORKUNÇ HEKAÝALAR (I-2)

Krowadyñ aşagyndaky çaga

Kresloda ýatan oglumy, gujagyma alyp krowadyñ üstüne geçirdim. Maña bolsa: ''Kaka krowadyñ aşagyna seretsene? Bir zat bar ýaly? ㅡ diýdi. Krowadyñ aşagynda näme barka diýip egilişimem şol boldy welin, demim tutuldy gan depäme urdy! Krowadyñ aşagynda-da gorkudan ýaña titreýän oglym ýatyrdy! Çala sesi bilen: ㅡ Kaka o krowatdaky ýatan men däl ㅡ diýdi!

Otagdaky el

Öz başyma ýaşaýaryn, maşgalam ýa-da dost-ýarym ýok. Iş sagadym tamamlandy. Öýe gitmek üçin taksi çagyrdym. Taksi tutup ýaşaýan jaýyma geldim. Şafýora ''Sag bol'' diýdim. Soñra basgançaklardan üçegime çykdym. Gapymyñ öñüne geldim. Açary jübimden çykaryp, gapyny açdym. Öýüm garañkylykdy. Yşygy ýakmak üçin elimi diwarda gezdirdim. Düwmä elim degip, çyra yşyk gelende tüýlerim tike-tike boldy! Allajan bu näme boldugy! Düwmäniñ öñünde bir el bardy! Çyrany ýakamda biriniñ ýüz keşbi göründi. Bu ýüz hem ýañky meni düşüren taksisiñ ýüzüdi!

Öýdäki Jyn

Öýde ýeke başyma, telewizora tomaşa edýärdim. Pişigim maña tarap garşy-garşy bakýary. Men onuñ bu bolşuna birahat boldum. Pişigimi otagdan çykaryp kowdum. Pişik ýene otagyma girdi. Maña ýene dikanlap seretmäge başlady. Gaharym depäme uranda pişigiñ kellesine ýelmemek üçin ýerimden turdum. Soñ bilip galdym, pişik maña däl-de arkamdaky, ýylgyryp duran gorkunç zada seredýärdi.




https://masaloku.com.tr/kisa-korku-hikayeleri.html

Terjime eden: @Jeksparro

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir