GURHANDAN TÄSIRLENMELER*

(R. A. Osipowa bagyşlanýar)

I

Täkden, jübütden kasam ki,
Gylyçdan, jeñden kasam ki,
Kasam ki dañ ýyldyzyndan,
Kasam ki şam namazyndan**

Ýok, seni taşlap gidemok,
Eýsem, penaladym kimi?
Goraglar görgür kowgudan
Hem aýap onuñ serini?

Men dälmi teşne lebleriñ
Sähra suwundan gandyran?
Ötgür kelam hem dil berip,
Erk berip, Arşa galdyran?

Mertlik eý, ýigren ýalany,
Haka, hakykata uý sen.
Söý ýetimleri, Gurhany
Mahluklañ añyna guý sen!

II

Eý, siz pygamberiñ päk aýallary,
Parhlysyñyz başga aýallardan siz.
Ýat size dünýäniñ bet hyýallary,
Süýji penasynda bu ümsümligiñ
Sypaýy, ýönekeý tutuñ özüñiz.

Göýä ki boý gyz dek boluñ haýaly,
Kanuny aýş üçin gyýlan nikany
Saklap, borjuñyza boluñ wepaly.
Bihaýa adamlañ, müñkürleñ gözi
Hiç haçan görmesin aý ýüzüñizi.

A siz, Muhammede myhman gelenler,
Diñläp onuñ agşam söhbetlerini,
Gürrüñ açyp dünýäñ eşret-aýşyndan,
Gamgyn kylmañ meniñ pygamberimi,
Takwalyk oýlarna berlen çagynda,
Dabaraly, boş hem kilçik sözleri
Halamaz, aýtmañ siz onuñ ýanynda.
Siz bu öýde, toýda sypaýy boluñ,
Asyllylyk bilen hormatlañ onuñ
Öýüniñ bezegi ýaş gyrnaklaryn.***

III

Señrik ýygryp, gaşyn çytdy pygamber,
Ýanyna bir körüñ gelýänin görüp****
Kemis bilen düşünişmek deregne,
Gaçmak näme gerek ýüzüñ öwürip.

Asman kitabyndan iýnen aýatlar
Kejeñekler üçin däldir, pygamber.
Howlukman,saldarlap gör sen Gurhany.
Mejbur etme ynanmasa dindarlar!

Nämä buýsanýarka adamzat onda?
Bu dünýä ýalañaç gelýäninemi?
Sähel wagt dem alyp ýer howasynda,
Ejiz doglup, ejiz ölýäninemi?

Ýa Hudaýyñ erki bilen öldürip,
Buýsanýarmy ýene dirildýänine?
Ýa asmanyñ oña kän günler berip,
Şatlygy, hasraty bagş edýänine?

Ýa ylahyñ her hil miwe berenne,
Çörek, hurma,zeýtin eçilýänine,
Zähmetine görä rysgal gelende,
Maýsaly baýryna, üzüm känine?

Ýöne iki gezek sur çalyp melek,
Asmanyñ haýbaty ýere inende,
Dogany dogandan gaçyrar pelek,
Ogul enesinden ýüz öwrer şonda.

Şol gün Hak ýanyna sürler hemmeler.
Gorkusyndan ýaña ýüzleri üýtgäp.
Dinsizleriñ bary ýanyp, kül bolar,
Peýda bermez indi olara hiç zat.

IV

Gadym wagt señ bilen Gudraty güýçli,
Güýjüne baýrynyp biakyl biri
Dikleşmek isländä, kuwwatyñ birle
Ornunda oturtdyñ ol tekepbiri.
Sen aýtdyñ: men dünýä ömür berýärin,
Ölüm birle ýeri jezalaýaryn,
Ähli zada ýeter uzatsam elim.
Ol sözledi: men hem berýärin ömür.
Islesem, her kimsä bagş edýän ölüm.
Biribar, sen kibi güýçli men özüm.
Ýöne tekepbiriñ öwgüsi öçdi.
Señ sözüñ gazaby bolanda güýçli:
Men Güneşi gündogardan dograýyn,
A sen günbatardan galdyr, göreýin!

V

Perwerdigär, Ýeri saklap duran sen,
Sensiz gök asmanyñ gümmezi sarsmaz.
Ol topragyñ ýa-da suwuñ üstüne
Gaçmaz hem ynsanyñ üstüni basmaz.*****

Tüm älemde Güni ýakyp goýan sen,
Şöhle saçsyn diýip zemine, göge.
Zeýtun ýagy doly çyrañ içinden
Nur saçýardy bullur çüýşede göýä.

Ýaradana se£de kylyñ: Ol güýçli
Şemala erk eýdýär, jöwzaly günde
Giñ asmana bulutlary üýşürip,
Ýere baglar kimin eçilýär kölge.

Ol rehimdar: Muhammede inderip,
Açdy nurlar saçýan Kerimli Gurhan.
Barymyz bu ýagtylyga ymtylýas
Hem gözleñ öñünden syrylýar duman.

VI

Ýöne ýere girmänsiñiz düýşüme,
Saçlaryñyz syrylgy jeñ-söweşlerde
Elleriñizde ganly gylyçlar bile
Çukurda, diwarda, minaralarda.

Diñ salyñ şatlykly bu çakylyga,
Eý, siz otly çölüñ mert ogullary!
Ýesir alyp ýaşajyk kän gyrnagy,
Bölüşiñ söweşde düşen mallary.

Siz ýeñdiñiz, şöhrat bolsun sizlere,
A namartlar ile gülki bolarlar.
Çykmadyklar söweş üçin düzlere,
Ajaýyp düýşlere ynanman olar.

Görüñ ýeñiş wagty düşen oljany,
Ökünip, örtünip, örtärler jany.
Diýerler: alyñ siz ýanyñza bizi,
Ýöne siz aýdyñlar ㅡ Almarys sizi!

Gazy boldy jeñde şehit bolanlar,
Gös-göni Ereme girdiler olar.
Ol ýerde barçasy keýp-sapa çümdi,
Keýpiñ zäherlejek zat ýokdur indi.

VII

Galk ýeriñden, çekinjeñ:
Keramatly çyra ýanýar
Gowagyñda
Sähere çen.
Ýürekdeş doganlar bilen.
Eý, pygamber, kow ýanyñdan
Gamgyn pikirleri hem
Anjaýyn düýşleri sen!
Daña çen sadyklyk bilen
Se£de kyl Haka
Asman kitabyny
Yhlasly oka!

VIII

Öñlerne oklama sen garyp-gasar, gedaýyñ
Ynsap satyp gazanan zadyñ, sylag-serpaýyñ.
Çyn baýlyk hem sahylyk diñe Arşda bolýandyr.
Ýowuz magşar gününde, eý, ýere tohum sepen ㅡ
Bol hasylly bugdaý dek, seniñ yhlasyñ çeken
Zähmetiñe ýüz esse rehnet gaýdyp gelýändir.
Eger ki, ýer üstünde gazanan baýlyk-malyñ
Eçilýän bolan bolup gedaýa öz engamyñ,
Bahyllyk bilen ýumsañ zady bol uzyn eliñ,
Bilip goý, sadakalañ daşa düşen çañ ýaly
Ýagyş-gara ýuwular, gider ugruna ýeliñ.
Hak kabul kylmaz asla beýle engamyñ seniñ.

IX

Ýadaw ýolagçy bir gün Hakdan nägile boldy,
Hem ajykdy, suwsady, köñli juda bozuldy.
Üç gije-gündiz çölde selpedi ol biçäre,
Tüp yssyda gözlerne dolýardy tozan, çäge.
Umytsyz hasrat bilen çar ýan ýüzün öwürdi,
Ine-de, bir hurmanyñ astynda guýy gördi.

Ýanyna tiz ýetişdi çölde ösen hurmanyñ,
Teşnelik bilen guýyñ sowuk suwundan ganyp,
Ýanyp barýan dilini, ýüzüni ýuwdy, ine,
Gyşardy-da, uklady golaý ýerde eşegne.
Soñ olaryñ üstünden kän ýyllar geçdi akyp,
Erki bilen ýer-gögüñ şasy keremli Hakyñ.

Ahyr bir gün ýolagçyñ tamam boldy ukusy,
Oýanyp, ol eşitdi asmandan gelýän sesi:
''Çuñ ukudan oýanman, kän ýatdyñmy bi çölde?''
Jogap berýär: ''Düýn ertir Gün guşluga ýetende,
Onuñ çogly nurunda kirpigmi gatypdyryn,
Säherden sähere çen oýanman ýatypdyryn''.

Ses gelýär: ''Eý, ýolagçy, sen uzak ýatdyñ örän,
Ýatañda ýaş ýigitdiñ, garrap turduñ sen, gör-ä!
Bireýýämler gurady hurma agajy munda,
Sowuk suwdan nyşan ýok bu çölüñ gursagynda.
Gör, haçan gömlüp gitdi suw içen guýyñ seniñ,
Agaryp, çaşyp ýatyr süñk-sañklary eşegiñ''.

Sähel salymda garran kişä ýetişdi gussa,
Aglap, saññyldap duran başyny egdi assa...
Bir gudrat peýda boldy çölüstanda birdenkä,
Şol owalky görnüşler ýene meñzedi öñkä.
Ýene ozalky ýaly saýa salýardy hurma,
Guran guýy ýene-de buz ýaly suwdan gyrma.

Eşegiñ süñkleri-de kem-kemden jana gelip,
Aññyryp dur ýene-de et bilen gana gelip.
Ýolagçy kuwwatlandy, ýüzünde bolsa şatlyk,
Damarlary tirsildäp, dolandy ýiten ýaşlyk.
Bu görlen kermatdan heýjana gelip ýañky
Ýolagçy ýola düşýär ýoldaş edinip Haky.

1824

Aleksandr Sergeýewiç PUŞKIN

Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW

_____________________________

* Muhammet pygamber ''Engam'' süresinde: ''Müñkürler Gurhan täze ýalan-ýaşryklaryñ we köne tymsallaryñ toplumydyr öýdýärler'' diýip ýazýar. Şol müñkürleriñ diýýänleri, elbetde, ugrunda bar, ýöne oña garamazdan, köp ahlakly hakykatlar Gurhanda güýçli we şahyrana obrazlaryñ üsti bilen beýan edilipdir. Bu ýerde birnäçe erkin öýkünmeler okyja hödürlenýär. Aslynda kitapda Alla hemme ýerde öz adyndan gepleýär. Muhammet hakynda bolsa ikinji, üçünji planda aýdylýar.
** Gurhanyñ birnäçe ýerinde Alla çapyp barýan atlaryñ toýnagyndan, injiriñ miwesinden, Mekgäniñ erkinliginden, ýagşylykdan, ýamanlykdan,meleklerden, Adamdan we beýleki zatlardan kasam edýär. Bu örän geñ ritoriki öwrüm Gurhanda kän duş gelýär.
*** Alla: ''Eý, resulum, ol örän hoşamaý we salyhatly'' diýip, saña aýtmazlar, ýöne meniñ siz bilen özümi deñeşdirmäge mätäçligim ýok we ş.m. Arabyñ gabanjañlygy bu aýatlarda äşgär görünýär.
**** ''Batyl'' diýen süreden.
***** Nädogry fizika, ýöne, gör nähili batyrgaý poeziýa!

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir