ATYŞ WE GABAW TEHNIKASY

■ Ballista

Ballista ㅡ (grek. ballo ㅡ ''zyñýaryn'') ㅡ daş ýa-da peýkamly ok salnyp, uzak aralyklara atylýan iki eginli top. Aslynda, barlagçylar ballista kesgitleme bermek üçin, anyk ülñeleri tapyp bilmeýärler. G. Hýustonuñ we A. Zoriçiñ pikirine görä bu, adatça, ortaçyzygy 15-18 sm bolan daş salnyp atylýan topdur. Peýkamly ok atýan uly nilli toplar hem bolupdyr(1).
Wegesiý ballistany peýkamly ok atýan ýarag hasap edýär: ''Ballistanyñ ýaýy siñirlerden işilen urganlar çekdirilip edilipdir; onuñ eginleri näçe uzyn bolsa, şonça-da uzak aralyga atýar. Eger ol el bilen atylýan bolsa, atýan adamlaram tejribeli bolup, onuñ güýjüne belet bolsalar, onda ol islendik nyşanany deşýär''(2). Antik harby tehnikasynyñ bilermeni G. Brýuggemanyñ tassyklaýşyna görä, ballista bilen skorpion gurluşlary boýunça örän meñzeş bolupdyr. Olaryñ diñe atýan böleginiñ çarçuwasynyñ bökekleriniñ ýerleşişinde tapawut bolupdyr. Rim goşunynda ballista esasy ýarag hasaplanypdyr. Onuñ oky ýeri gyratlap gidipdir(3). W. N. Popenkonyñ belleýşine görä, ballista gadymy Gündogarda we gadymy Gresiýada gadymy döwürlerden bäri ulanylypdyr. Oña agramy 40ㅡ50 kg çenli daş, daşyna demir kakylan agaç, uzynlygy 3,5 m çenli bolan pürs, agyr peýkamly ok, ýakyjy garyndy guýlan çelek we başga zatlar salyp atypdyrlar. Onuñ agramyna laýyklykda, zyñlyp düşýän agyrlygy 200ㅡ1000 m çenli bolupdyr. Mysal üçin, daşyna demir kakylan agaç dört hatarly gazyklardan dikilip haýaty deşip geçipdir. Bir gezek atmak üçin, 15 minutdan 1 sagada çenli taýýarlyk görmeli bolupdyr. Gurluşy has kämilleşdirilen ballistalar kese we dik tekizliklerde nyşana gönükdirilen burçuny üýtgetmäge ukyply bolupdyr. Bu bolsa nyşana dogrulap atmaga mümkinçilik beripdir(4). XIX asyryñ ahyrlarynyñ awtorlary we biziñ döwürdeşlerimiz ballistalara uly daşlar, pürsler we başga agyr närseleriñ salnyp atylandygy, olaryñ at goşulan arabanyñ üstünde goýlup ulanylandygy baradaky pikire eýerýärler. Bu enjama 11 esger (ballistaçy) hyzmat edipdir(5).

Çeşme:

1. Houston G. W. Roman Tehnology Handbook...S.9.
2. Wegesiý Flawiý Renat. Kratkoe izlo£eniýe woýennogo dela. ㅡ SPb, 1996. S.279.
3. The Roman Army by Gary Brueggeman/Zoriç A. Artilleriýa rimskoý armii. Obşie dannye; Podrobnosti ustroýstwa. ㅡ http://xlegio.enjoi.ru/legioart.Htm (legioart 2 htm). S.2, 7.
4. Popenko W. N. Holodnoe metatelnoe oru£ie ㅡ M.: Boguçar, 1993. S.44.
5. Ballista//Ensiklopediçeskiý slowar F. A. Brokgauza I. A. Ýefrona. ㅡ SPb, 1891. T. II a. S. 803. Lisowyý I. A., Rewýasprawoçnik po istorii i kulture Drewneý Gresii i Rima. ㅡ Minsk: Izd-wo ''Belarus'', 1996. S.40.

Öwez GÜNDOGDYÝEW

''AZIÝANYÑ GERÇEKLERI''.
Aşgabat 2012.

Göçürildi: http://kitapcy.com/news/2020-07-17-11948

Tehnologiýa, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir