1. ALLATAGALA IMAN

Allatagalanyñ barlygyna, birligine, ýaradyjylygyna, mertebesine laýyk atlarynyñ we sypatlarynyñ bardygyna hem-de Özüne meñzeş zadyñ ýokdugyna ýüregiñden ynanmakdyr. Allatagala ähli älemleri ýokdan bar eden, deñi-taýy bolmadyk ýeke-täk Ýaradyjydyr. Her bir musulmanyñ Allatagalanyñ ähli kämil sypatlara eýedigine, ähli nogsanlyklardan päkdigine ynanmagy parzdyr. Allatagala ynanýan adam Onuñ birligine, barlygynyñ başlangyjynyñ ýokdugyna we bakydygyna, bar bolmagy üçin başga bir zada mätäç däldigine, meñzeşiniñ hem ýokdugyna, ähli zady görýändigine we eşidýändigine, ähli zada güýjüniñ ýetýändigine, ähli zady bilýändigine ýürekden ynanmagy zerurdyr.
Her bir musulmanyñ Allatagalanyñ 14 sany sypatyny bilmegi wajypdyr. Bu sypatlaryñ 6 sanysyna ''zaty'', 8 sanysyna bolsa ''subuty'' sypatlary diýilýär. Allatagalanyñ sypatlarynyñ ählisi ezeli (başlangyjy bolmaýan) hem-de ebedi (soñy bolmaýan) hemişelik sypatlarydyr.

ALLATAGALANYÑ ''ZATY'' SYPATLARY

1. Wujud. Allatagala bardyr. Onuñ ýok bolmagy mümkin däl.
2. Kydam. Allatagalanyñ barlygynyñ başlangyjy ýokdur, Ol ezelidir. Hiç bir zat ýok wagty, hiç bir zat ýaradylmanka, ýeke-täk Onuñ Özi bardy.
3. Beka. Allatagala bakydyr, barlygynyñ soñy ýokdur, müdümidir. Ähli zat ýok bolsa-da, Allatagala hiç wagt ýok bolmaz.
4. Wahdanyýet. Allatagala ýeke-täkdir. Onuñ deñi-taýy ýokdur.
5. Muhalefetun lil-hawadys. Allatagala ýaradan zatlarynyñ hiç-birine meñzeýän däldir.
6. Kyýam bi nefsihi. Allatagalanyñ barlygynyñ özünden bolmagy. Allatagalanyñ barlygy hiç bir zada garaşly däldir. Ol hiç bir zada mätäç hem däldir. Ähli zat Oña mätäçdir.

ALLATAGALANYÑ ''SUBUTY'' SYPATLARY

1. Haýat. Allatagala diridir.
2. Ylym. Allatagala hemme zady bilýändir.
3. Semig. Allatagala ähli zady eşidýändir.
4. Basar. Allatagala ähli zady görýändir.
5. Irada. Allatagala islän zadyny amala aşyrýandyr.
6. Gudrat. Allatagalanyñ ähli zada güýji ýetýändir.
7. Kelam. Allatagala öz şanyna laýyk ýagdaýda gepleýändir. Ol geplemek üçin sese, harpa, söze ýa-da sözleme mätäç däldir.
8. Tekwin. Allatagala ýaradyjydyr, döredijidir. ''Allatagala bir zadyñ bolmagyny islese, oña ''Bol!'' diýer, ol hem bolar'' (Ýasin süresiniñ 82-nji aýaty).



NAMAZ KITABY
Türkmenistanyñ müftüsiniñ müdiriýeti.
Aşgabat-2014.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir