Gadym zamanlarda gaty baý bir adam, ogullaryna şeýle wesýet edipdir:
«Men ölenimden soñ, kefenimden öñ şu köne joraplarymy aýagyma geýdiriñ, men köne jorabym bilen gömülmek isleýärin».
Wagt geler adam aradan çykar. Kakasynyñ aýdyşy ýaly kefeninden öñ, ogullary köne joraplary alyp geler. «Kakamyz wesýet etdi, şu köne joraplary aýagyna geýdirjek» diýer. Ymam bu ýagdaýa garşy çykar. Asla rugsat bermez. Baýyñ oglullary Müftülige ýüz tutar, olar hem: «Dinimizde olar ýaly zat ýok» - diýip, rugsat bermezler .
Iseleselerde - islemeselerde kakalarynyñ wesýetinden ýüz döndürmeli bolupdyrlar. Merhum jaýlananyndan soñ, gonamçylykdan öýlerine gelenlerinde, goñşysy geler. Elinde bir hat bardyr, hatda şu sözler ýazylandyr:
«Balalarym! Ine gördüñiz, köne joraplarymy hem gabryma äkidip bilmedim. Aklyñyza eýe bolyñ.
Näme etseñizem şu durmuşda ediñ, ýagşylykda ýatlanyñ. Beýhude zatlara aldanmañ! Haýyr işleriñizi bu dünýede galdyryn, sogabyny o dünýä äkidiñ».


çeşme: canim.net
terjime: @Allaberdi T.Ç

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir