Beýik Britaniýanyň döwlet karzy ýarym asyryň içinde ilkinji gezek ýurduň JIÖ-niň möçberinden geçdi
Beýik Britaniýanyň döwlet karzy maý aýynda 1,95 trln funt sterlinge çenli ($2,42 trln) ýokarlandy, bu bolsa ýurduň 100,9% jemi içerki önümine deňleşýär. Bu hökümetden karz almany ýokarlandyrmagy talap eden çökgünlik şertlerinde ykdysadyýeti goldama çäreleriniň netijesinde bolup geçdi. Bu barada lenta.ru habar berýär.
Diňe maý aýynda olar bir ýyl mundan öňkä garanda tas 50% ýokarlandy, girdejiler bolsa 28 göterimden gowrak pese gaçdy. Karzyň umumy göwrümi maýda 55,2 mlrd funta (68 milliard dollar) barabar boldy, bu bolsa 1963-nji ýylda bu maglumatlar gözegçilik edilip başlanylandan bäri maksimum dereje boldy. Aprel we maý boýunça umumy alanyňda döwlet karzy 103,7 mlrd ($128,4 mlrd) ýokarlandy. Häzirki maliýe ýylynyň jemi boýunça karz rekord derejä ýetip biler.
Maliýeçileriň maglumatlary boýunça, görkezijiler deslapky bolup durýar, çünki häzirki wagtda hemme maglumat elýeterli däl we olar täzeden gözden geçirilip bilner.
Beýik Britaniýanyň milli statistik gullugy aprelde JIÖ-iň 20,4% rekord derejede kemelendigini belledi. Fewraldan başlap üç aýyň içinde önümçiligiň pese gaçmasy Birleşen Korollykda jemi 10,4 göterime barabar boldy.
Soňky maglumatlar boýunça, Beýik Britaniýada COVID-19 bilen kesellemegiň 300 müňden gowrak ýagdaýy ýüze çykaryldy, olardan 42 müňden gowragy ýogaldy.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir