Geçip barýan ýaşlygym,
Başym saňa gurbandyr.
Heser tapan joşgunym,
Bäri bärde durmandyr.

Ýaşaýyşa gönezlik
Çar tarapyň gözellik
Dünýä kime hezillik
Kimselere armandyr

Çykyp belent daglyga
Ylgamadym salgyma
Ýyly sözler kalbyma
Aýdym bolup ornandyr.

Bu kalbyň durulygy
Ömrüň ölçeg birligi
Müň şükür mekirligi
Ykbal maňa bermändir.

Aryp daňyň atyrýaň
Günüň ylgap ötürýäň
Ah, nämetseň
göterýän
Ne ajaýyp zamandyr.

Arkada ýük urulan
Dünýä şeýle gurulan
Kän däl bize berilen
Bäş günlüjek döwradyr

Şähribossan
.

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir