Okuwçykak sapaklarynyň birinde türkmen dili we edebiýaty mugallymymyz öz tejribesi esasynda, ýagny biziň we has öňki okuwçylarynyň ýazan düzmelerini mysal getirip, hatyň üç görnüşihakynda aýdypdy. Ýazuwyň birinji görnüşi ýazýana-da, okaýana-da düşnükliligi bilen tapawutlanýan owadandan nepis hat. Ikinjisindehatyň düşnükliligi diňe ýazýanyň özi bilen çäklenýär. Üçünjüsi bolsa ne ýazýana, ne-de okaýana düşnükli. Hatyň görnüşlerini şeýle toparlara bölensoň, mugallym bularyň birinjisine mugallymlaryň hatyny mysal getiripdi, ikinjisine lukmanlaryňkyny, üçünjisine bolsa şu ýazgynyň awtoryny mysal getiripdi. Şu ýazgyny kompýuterde däl-de, elde ýazan bolsam, muňa has aýdyň göz ýetirerdiňiz.

Ýazuwyň adamynyň häsiýeti bilen baglanyşygyny öwrenýän ylma grafologiýa diýilýär. Ylmyň bu ugry adamynyň zehinini, özüne erk edip biliş güýjüni, özüne baha berip biliş ukybyny we duýguçyllygyny hatyna görä kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu makalada biz adamynyň şahsyýet aýratynlygy dogrusynda netijeleri çykarmaga mümkinçilik berýän ýazuwyň esasy alamatlary hakynda gürrüň açmakçy.

Adamynyň häsiýetini açmakda ýazuwyň ölçegi, hili, ýygjamlygy we hereketi aýratyn ähmiýete eýedir. Bulardan ýazuwyň ölçegi jemgyýetde adamlaryň arasyndaky gatnaşygyň hil-derejesini görkezmekde möhüm alamat bolup durýar. Şuňa laýyklykda haty iri ýazýan kişiler ýeňillik bilen daş-töweregindäki adamlaryň dilini tapyp bilýär. Şeýle ýazuwa eýe bolan adamlaryň dosty köp bolýar. Owunjak ýazuwly kişiler bolsa, ýapyklyk we ýaşyrynlik ýaly häsiýetlere eýedirler.

Ýazuwda harplaryň burçlarynyň emele getirilmegi diňe özüni bilýän kişilere mahsus. Aýlawlaryň emele getirilmegi açyk göwünli we ýukaýürek kişilere yşarat edýär. Hatyny basyp ýazýanlarda güýçli erki we erjelligi görmek bolýar. Öçügsiden gowşak basylyp ýazylan harplar bolsa, erksiz ýa-da “suw meýilli gurbaga” häsiýetli kişileriň esasy aýratynlygydyr.

Kalliografik ýazuw adamyny jogäpkärçiligi duýýan, tertip-düzgüne üns berýän, muňa garamazdan özbaşdak hereket etmekde çäkli we garaşly adam hökmünde häsiýetlendirýär. Takyk ýazuw asuda we häsiýeti taýyndan durnukly adamlara yşarat edýär. Gabaraly ýazuwlarjanypkeş, bilesigeliji, şadyýan adamlarda gabat gelýär. Düşnüksiz, bulam-bujar ýazuw işjeňlikden, biperwaýlykdan, şeýle hem girriklikden nyşan.

Harplaryň biri-birine goşulmagy bilen emele gelen ýazuwlar logiki pikirlenişiň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Eger harplaryň arasy üzülip, biri-biri bilen birikmeýän bolsa, onda bu ýagdaý ol adamynyň duýgurlygynyň ösenligi bilen baglanyşyklydyr.

Ýazuwda çep gyrada boşlugyň galdyrylmagyadamynyň maddy gymmatlyga bolan gatnaşygyny görkezýär. Eger ol dar bolsa tygşytlylygy görkezýär. Giň bolsa sahylykdan, jomartlykdan habar berýär. Eger çep gyrasy aşaklygyna uzaýan bolsa, zady bisarpa ulanýandygy, yrýa edýändigi bilen baglanyşykly. Çep gyrasyny daraldýan bolsa, onda husytlykdan we nebsewürlikden habar berýär.

Ruhubelent optimist adamynyň ýazuwda setirleri başda pesden başlap setiriň soňuna dogry ýokarlanýar. Göwnüçökgün pessimistiňki bolsa tersine setirleri aşaklygyna gaýdýar. Göni setirlerhäsiýeti boýunça öz mümkinçiliklerine dogry baha berip bilýän asuda, paýhasly adamlara mahsus. Göni däl – egrem-bugram setirler bolsa, mekirligi, käte bolsa adamynyň haýasyzdygyny, ynsapsyzdygyny görkezip bilýär.

Adamynyň ýazuwy onuň häsiýeti dogrusynda köp zat aýdyp bilýär. Ýazuwyň esasynda adamynyň öz daş-töweregindäkilerden, hatda özünden hem gizleýän häsiýetiniň alamatlaryny ýüze çykarmak mümkin.

Gollar barada aýdylanda, adaty, çylşyrymly bolmadyk gollar adamynyň özüne bolan ynamyny we batyrgaýlygyny görkezýär. Aýlawlardan emele gelen gollar bolsa, mekir we synçy adamlarda köp duş gelýär. Üsti çyzylan gollar adamynyň hyjuwyndan we gujuryndan habar berýän bolsa, aşagy çyzylan gollarda edenliligiň alamatlaryny görmek bolýar. Çekinjeň we dymma adamlar goluny ýa-da onuň birnäçe harpyny halkajyga aýlap geçirýär. Atanakşekilli ýazuw durnuksyz häsiýetiň habarçysy. Çyzyk şekilindäki hatlarbolsa duýguçyllykdan nyşan. Eger-de çyzyk ýok bolsa, bu adamyny akylly we ätiýaçly hökmünde häsiýetlendirmek bolar.

Adamynyň ýazuwy ýagdaýa, keýpe we beýleki dürli faktorlara baglylykda üýtgäp bilýär. Mysal üçin, adam güýçli joşguny başdan geçirýän halaty adatdakysyndan güýçli basyp ýazýar. Eger-de adamynyň ýazuwynyň şekili dowamly üýtgeýän bolsa, bu ýagdaý onuň duýguçyllygyny we döredijilik ukybyny açyp görkezýär.

Cheshmesi:ylymly.com

Edebiýat, bank tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir