ABŞ-daky tertipsizlikler sebäpli iri kompaniýalar ýüzi anyklaýjy tehnologiýalary ulanmakdan boýun gaçyrýarlar. Ilki IBM, indi bolsa Amazon we Microsoft kompaniýalary polisiýalara bu gurşawda olaryň önümini ulanmagy gadagan etdiler. Ol ýerde polisiýalaryň elinde tehnologiýa adamlaryň hukuklaryny we erkinliklerini çäklendirýär diýip hasaplaýarlar.
Amazon kompaniýasy onuň ýüzi anyklaýjy tehnologiýasyny ABŞ-nyň polisiýalary tarapyndan ulanylmagyna birýyllyk moratoriý (gadaganlyk) girizdi. Bu barada kompaniýanyň beýannamasynda aýdylýar, muny novayagazeta.ru ýetirýär.
Kompaniýada onuň hemişe ýüzi anyklaýjy tehnologiýalaryň etiki ulanylyşyny sazlaýan berk düzgünleriň ugrunda çykyş edýändigi bellenilip geçildi. Kompaniýa bir ýylyň Kongresiň olary girizmegi we zerur bolan ýagdaýynda kömek bermäge taýýardygyny habar etmek üçin ýeterlikdigine ynam bildirýär. Çagalary gözlemek, adam söwdasynyň pidasyndan halas etmek we maşgalalary birikdirmek bilen meşgullanýan guramalar bolsa öňküsi ýaly Amazon Rekognition tehnologiýasyny ulanmagy dowam etdirip bilerler.
Amazon bilen IBM kompaniýalarynyň yzy bilen Microsoft amerikan korporasiýasy hem çykyş etdi. Kompaniýa ýüzi anyklaýjy ulgamy hukuk goraýjylara satmajakdygyny habar berdi.
“Biz bu tehnologiýanyň ulanylyşyny sazlaýan adam hukuklaryna esaslanýan milli kanun ýüze çykýança, ýüzi anyklaýjy ulgamy ABŞ-nyň polisiýalaryna satmarys” – diýip, kompaniýanyň prezidenti Bred Smit düşündirýär.
Polisiýa tarapyndan ýüzi anyklaýjy tehnologiýalaryň ulanylmagy baradaky mesele ABŞ-da afrikan-amerikan Jorj Floýduň Minneapolisde tutulanyndan soňky ölümi sebäpli ýüze çykan närazylyklar bilen baglylykda maslahatlaşylyp başlandy. 9-njy iýunda Demokratik partiýanyň agzalary ABŞ-nyň kongresine federal hukuk goraýjy organlaryna degişli sistemalaryň ulanylmagyny gadagan edýän kanun taslamasyny girizdi.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir