UFC-niň öňki çempiony Getjiniň Habib üçin howply tarapyny aýtdy
UFC-niň iki agram derejede öňki çempiony Genri Sehudo Jastin Getjiniň Habib Nurmagomedow bilen göreşde nähili artykmaçlyklarynyň boljakdygy barada gürrüň berdi. Bu barada nevasport.ru habar berýär.
Onuň pikirine görä, Getjiniň loukikleri, ýagny aýagy bilen biline ýa-da injigine urgulary Habib üçin iň howplusydyr.
«Jastin Getji ýaly göreşijini synlap görüň. Eger-de onuň garşydaşlary şeýle urgulary alýan bolsa... Eger-de Habib bu urgularyň astyna düşse, onuňky oňuna bolmaz» diýip Sehudo belleýär.
Ýatlatsak, Sehudo maý aýynda UFC 249 ýaryşynda ýeňiş gazanandan soň, karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi. Ol UFC-niň ähli reýtinglerinden aýryldy, çempionlyk guşagy erkin bolup galdy.
Şol ýaryşda Jastin Getji Toni Fergýusony ýeňip, ýeňil agramda wagtlaýyn çempion adyny almagy başardy. Bu bolsa oňa Habib bilen titul ugrunda göreşi geçirmäge mümkinçilik berdi. Bu göreş 2020-nji sentýabryna meýilleşdirilen.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir