Alymlar programmistleriň beýnisiniň nähili işleýändigini aýtdylar
Alymlar programmistleriň öňde goýlan meseläni çözen wagtlarynda beýnisiniň nähili işleýändigini anykladylar. Barlagyň awtorlary bolup Germaniýanyň Saar uniwersitetiniň hünärmenleri çykyş etdiler. Bu barada dni24.com habar berýär.
Eksperimentiň çäklerinde synagdan geçýänler MRT apparatynda ýerleşmek bilen birnäçe meseleleri çözmeli boldular. Barlagyň dowamynda alymlar tarapyndan kelle beýnisiniň impulslaryny hasaba almak usuly peýdalanyldy. Barlaga gatnaşyjylara programma kodunda ýalňyşlary gözlemek işi tabşyryldy, şundan soň olar professional işjeňlik bilen bagly bolmadyk adaty ýumşy ýerine ýetirmeli boldular. Bu ýumuşlar gaýtalandy, barlaglar gutarandan soň alymlar kelle beýnisiniň koduň üstünde işlenilen wagtynda ýygy-ýygydan işjeňleşen böleklerini anykladylar.
Ekspertler matematiki ýa-da logiki pikirlenme bilen baglanyşygy ýüze çykarmadylar. Munda esasy zat hökmünde dile düşünmek prosesi çykyş edýär eken. Aýratynam, çep ýarym şar, has dogrusy dil we okamak başarnygy bilen bagly işiň wezipelerini kontrollykda saklaýan çäk has işjeň bolýar.
Barlagy geçirijiler Waşington uniwersitetiniň hünärmenleriniň Python diliniň lingwistler tarapyndan has gowy kabul edilýändigi baradaky çaklamasyny tassykladylar. Ekspertler alnan netijeleriň hünärmenleri okatmakda kömek etjekdigini belleýärler.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir