Getji Nurmagomedow bilen göreşde nähili hereket etjekdigini aýtdy
Garyşyk stiliň amerikan göreşijisi Jastin Getji ýeňil agramda Absolýut göreş çempionatynyň çempiony russiýaly Habib Nurmagomedow bilen boljak göreşde öz meýilnamasy barada aýtdy. Bu barada russian.rt.com habar berýär.
“Habib bilen göreşde esasy faktor meniň aýakda nähili hereket etjegim bolar. Fergýuson maňa garşy göreşde aradaşlygy kiçeltmegi başarmady, men hemişe ondan daşda boldum. Iň möhüm zat gözenekden daşrakda saklanmak bolar. Eger-de Habib oktagonyň merkezinde aýaga geçse, ol seni teýkdauny tamamlamak üçin gözenege tarap çekýär. Ol açyk giňişlikde teýkdauny tamamlamaýar” – diýip, Getji beren interwýusynda aýdýar.
“Maňa aradaşlygy saklamak örän möhüm, sebäbi şonda ol birahat bolar. Men indi aýak bilen dyzdan ýokary urmaýaryn”. Ol injige urgusynyň garşydaş üçin örän howpludygyny belledi, şeýle-de ol Habib üçin agyr ýagdaýy döretmäge özüne dört sany galtaşma ýeterlik diýip hasaplaýar.
“Ol aýaga-da geçip biler, ýöne islendik ýagdaýda-da oňa meniň arkamdaky gözenek gerek. Eger-de gözenek ýakynda bolmasa, onda mesele ýüze çykar. Ol meni merkezde parterde birnäçe gezek aýlap biler, ýöne eger muny islese, meni gözenege çenli eltip biler” – diýip, Getji sözüniň üstüne goşýar.
“Göreş haçan geçer? Biziň menejerimiz bir, şonuň üçin biz islendik wagt urşup bileris. Sentýabr laýyk wagt. Men taýýar bolaryn, Habib hem”.
Nurmagomedowyň hasabynda MMA-da 28 ýeňşi bar, onuň ýekeje-de ýeňlişi ýok. Getji ýeňil agramda wagtlaýyn çempion tituly üçin Toni Fergýuson bilen göreşde ýeňiş gazanyp, Habib bilen titul göreşini geçirmäge hukuk gazandy. Onuň hasabynda 22 ýeňiş we iki ýeňliş bar.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir