Babasil bilen kesellän adam lawr ýapragynyň 25 sanysyny 3 litr suwa demläp,çaý ýerine içmeli.
* * *
Öt haltada daş bolsa şipownigiň( itburunyň) köküni güýzde gazyp almaly.Ony ýuwup,guradyp,owratmaly.Üstüne gaýnag suw guýup 15 minut gaýnatmaly.Suwuň, çaýyň ýerine içmeli.Iki hepdeden soň öt haltada daş galmaz.
* * *
Bagyrda agyry bar bolsa jerebaý( zweroboý) otunyň owradylanyny (1 nahar çemçesi),boýbodyrany(1 nahar çemçesi) we itburunyň miwesini (2 nahar çemçesi)1 litr gaýnag suwa demlemeli.Bal bilen içmeli.Baly işdäň alşyna görä ulanmaly.
* * *
Tendäki ýanan ýeri bejermek üçin 100 gram owradylan düýp sogany 100 gram eredilen sygyr ýagynda gowrup,oňat edip ýara çalmaly.Ýanan ýer iriňlemeýär hemem derrew bitýär.
* * *
Sary getirmede süle sypaly gaýnadylan suwdan her günde üç gezek bir bulgurdan içmeli.Kyrknogun (onuň15 gramyna-bir bulgur suw ) gaýnadylan suwdan her günde 4 gezek üç nahar çemçesi möçberde içmeli.
* * *
Ýüzde sepgil,menek bar bolsa badyýanyň(petruşkanyň)100 gramyny kesişdirip,bir litr suwda 15 minut gaýnatmaly.Emele gelen erginden irden hem-de agşam çalmaly.
* * *
Elde gabarçyk bar bolsa-gije ýatjak bolamyňda satymsagyň kesilen bir dilimjigini gabarçyga ýapyp daňmaly.Ýiti agyry bolmagy mümkin,ýöne bir hepdeden gabarçyk özeni bilen aýrylýar.
* * *
Teniň bir ýeri ýansa,ary,ýylan çaksa-täzelikde ýolnup,owradylan atgulagyň ýapragyndan edilen bulamagy ýanan,ary çakan ýere sargy ýaly edip ýapmaly.Bulamagy her 2-3 sagatdan çalşyryp durmaly.
* * *
Saçyňyz düşse bir nahar çemçe baly şol mukdardaky üwelen aloeniň şiresi bilen bir nahar çemçe üwelen sogany garyp hepdede bir sapar bäş,alty hepdeläp saça çalmaly.

Bilim, Waharman tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir