ABŞ Hytaýy uçuşlara päsgelçilik döretmekde aýyplady
ABŞ Hytaýyň hökümetini amerikan awiakompaniýalarynyň uçuşlaryna päsgelçilik döretmekde aýyplady, bu barada Reýter agentligine salgylanmak bilen rossaprimavera.ru habar berýär.
Ýanwar aýynyň ahyrynda Waşington täze koronawirusyň ýaýrawyna garşy göreşmek boýunça çäreleriň çäginde ýurda soňky günlerde Hytaýda bolan tas ähli daşary ýurt raýatlaryna girmegi gadagan etdi, diňe amerikan raýatlarynyň maşgala agzalaryna, şeýle-de ABŞ-da hemişelik ýaşamaga hukuk gazananlara ýurda girmäge rugsat edildi. Şonda Hytaýdan gatnawlaryň gadagan edilýändigi barada bildiriş bolmady.
Delta Air Lines we United Airlines ýaly birnäçe amerikan awiakompaniýalary fewral aýynyň başyndan HHR-e uçuşlaryň bes edilýändigi barada habar berdiler, netijede ýurtlaryň arasynda gatnawlaryň sany bellenilen aýda 20-ä çenli kemeldi. ABŞ-nyň Ulag we aragatnaşyk ministrligi Delta we United Airlines kompaniýalarynyň Hytaýa tarap uçuşy eýýäm indiki aýdan dikeltjekdigini aýtdy. Şol bir wagtda Hytaýyň raýat awiasiýa edarasy daşary ýurt awiagatnawlaryň sanyny çäklendirmek bilen kynçylyk döredýär. Hytaý hökümeti “ABŞ-nyň awiagatnadyjylaryna Hytaýa tarap yzygiderli ýolagçy gatnawy dikeltmegi gadagan edýär. Şunuň bilen baglylykda ABŞ-nyň Ulag we aragatnaşyk ministrligi Hytaýyň hökümetine närazylyk bildirýär” – diýlip, edarada bellenilýär.
Ýatladyp geçsek, Hytaýyň hökümeti ABŞ-nyň bir hepdäniň içinde Hytaýa tarap diňe bir gatnawy amala aşyryp biljekdigini habar berdi. Pekin gatnawlaryň sanyny azaltmak barada heniz şu ýylyň 12-nji martynda karara geldi.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir