Berlin koronawirusly syrkawlary bejermekde Moskwa kömek hödürledi
Berliniň burgomistri Mihael Mýuller Moskwa hökümetine koronawirusly syrkawlary nemes paýtagtynyň hassahanalarynda ýerleşdirmek barada teklibini ugratdy, bu barada “Der Tagesspiegel” neşirine salgylanmak bilen kommersant.ru habar berýär. Berliniň hassahanalarynda 8 müň töweregi orun boş diýip, neşir belleýär.
“Doganlaşan-şäherimiz Moskwa teklibimizi iberdim. Heniz hiç hili jogap ýok, men entek hem onuň üçin açyk” – diýip, Mýuller aýdýar.
Ýaňy-ýakynda şeýle pikiri Saksoniýanyň premýer-ministri Mihael Kreçmer teklip etdi. Syýasatçy Russiýanyň koronawirusly syrkawlaryny Germaniýanyň hassahanalarynda kabul etmäge başlamaklygy teklip etdi, sebäbi Germaniýanyň eýýäm şeýle tejribesi bar, ol öň Italiýadan we Fransiýadan, şeýle-de Ýewrobirleşigiň beýleki ýurtlaryndan syrkawlary kabul etdi.
20-nji maýda ABŞ Russiýa üçin öýkeniň howa täzelenmesine niýetlenilen enjamlar bilen ilkinji harby uçaryny iberdi. Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň aýtmagyna görä, Waşington Moskwa mugt kömek eder. Ýöne göni maýa goýumyň Rus gaznasyna ynsanperwer ýüküň üpjünçiliginiň ABŞ-da tölenilendigini habar berdiler.
Soňky maglumatlara laýyklykda, Russiýada koronawirus bilen kesellänleriň sany 344 müňden geçdi, 3541 adam ýogaldy. Germaniýada kesellänleriň sany tas 180 müň, ýogalanlaryň sany 8261.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir