Salam, halan goşgymy sizň bilen hem paýlaşaýyn diýdim. * awtoryny bilemok. Okaň lezzet alyň :D Indi gutarandyr läläm hymmyldyň, Adam bolgun balam baran ýeriňde. Yssy, sowuk, ýadaw, yňňyl-jyňňyldyň, Bolmasyn kynçylyk gőren ýeriňde. Meňzeş ýalam hemmäň ýűz keşpleri, Iýýän nany, geýýän egin-eşikleri. Siňe syn et bardyr űýtgeşik ýeri, Tapawudy salam beren ýerinde. Salamdan başlaýyn men ak patamy, Bu sőz ýuwar owun-uşak hataňy. Sylasaň gaýynene, gaýynataňy, Säher salam bergin turan ýeriňde. Edebiň aýagam başam salamdyr, Ýűrek joşam, gőwűn hoşam salamdyr, Seni uly ile goşan salamdyr, Ilden çykýa mundan ýűzűn őwűren. Edep diňe salamdyr diýip oýlama, Çigit çigitleme, sakgyç çeýneme. Magnitafon açan bolup aýnama, Ile ýakmaz saňa ýaran ýerinde. Tämiz bol! Dőşűň açyp, ýűzűň tutma asmana, Abraý gelýän daldir atyr ysgana. Mahabat bermegin priçýoskaňa, Moda kowalaşma baran ýeriňde. Garaz, kişmiş iýseň birýany çőpli, Garamata ýakyn uzyn etekli, Gybatdan daşda bol, bolgun edepli, Oturmagyn uzyn diliň saýran ýerinde. Tämiz bol! Kir suwyň kőçä dőkmegin, Goňşyň ýelesinde keçe kakmagyn, Őýűň syryn alyp daşa çykmagyn, Gep-gűrrűň sem bolsun dőrän ýerinde. Aýyp bilgin goýunlaryň mäleşip dursa, Itiň açlygyndan ýatyrka űýrse, Kemlik bilgin gaýyneneň tamdyra girse, Ýer ýarylsa ýagşy duran ýeriňde. Ýatmaweri gyzymjan űstűňe gűn dogrup, Eglip galgyn ýűzűňi Käbä őwűrűp, Jűýjejikleriň daşyňa egirip, Kőpelibergin balam baran ýeriňde. Gynanmagyn gidýän diýip durmuşa, Şeýdip gitmek bir berilýä bir başa, Seresap bol, galyp birden gargyşa, Bu ýollarda bűdreme, enteme. Hyzmat etmelisiň űç sany äre, Ilkjinisi gaýynlara, hossara, Ikinjisi bolsa, namysa, ara, Űçűnjisi saýlap seçen ýigdiňe. Ýatda sakla! nirede bolsaň, Uýasyň, agaň űçin namys atly sőýesiň. Şol sőýäde ýalňyz őzűň eýesiň, Şu bentler guýulan bolsun zandyňa. Dűnýäde gowy zat bolmaz saglykdan, Bu dűnýäde bolsun paýyň deňlikde, Kősenmeli bolmaweri kemlikden, Ýűzűn dűşsűn ogla, gyza, agtyga. Garaz, şeýdip geçsin her gűnűň, aýyň, Kőmek gerek bolsa duýdur, ylgaýyn. Seni gőrűp gynanmaly bolmaýyn, Çuwal bagşy gygyranda ýandyma.

Köneler, Aya tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir