Bibijan, bu köp ýagşy ýigit eken, suw beräýsene! — diýip, Gülendam Bibijanyň yzyndan itekläberdi. Bibijan Görogla garap:

— Haw, goç ýigit, sen bu ýerde kän durma,biziň peşşaplarymyz seni göräýse, zaýa eder — öldürer! Git indi, demir donly, bu ýerden! — diýip, bir söz aýdar gerek, Görogly-da «Alman gitmez demir donly bu ýerden» diýip, ikisi gör-bak nämeler aýdyşýarlar:

Bibijan:

— Habar bergin, ýigit, kaýdan geler sen?

Gitgin indi, demir donly, bu ýerden!

Kaýsy ilden, kaýsy ulusdan bolar sen?

Gitgin indi, demir donly, bu ýerden!


Görogly:

— Meni sorsaň, geldim Çandybilinden,

Alman gitmez demir donly bu ýerden!

Aslym beýan etsem, türkmen ilinden,

Alman gitmez demir donly bu ýerden.


— Gitgin indi biziň iller duýarlar,

Duýsa, seniň şirin janyň gyýarlar,

Goçaklarmyz ata rykap1 goýarlar,

Gitgin indi, demir donly bu ýerden!


—Bäş menzilden arap atlar çeker men,

Her menzilde sermes guzy gapar men,

Däh2 diýemde, bäş kişini ýykar men,

Alman gitmez demir donly bu ýerden.


—Goç ýigitler belendinde-pestinde,

Aşyk bolan magşugynyň kastynda,

Köp sözleme sen Gyratyň ustünde,

Gitgin imdi, demir donly, bu ýerden!


— Belent-belent garly dagdan ötmeýen,

Aryn alyp, maksadyma ýetmeýen,

Şu gün seniň ak goluňdan tutmaýan,

Hergiz gitmez demir donly bu ýerden!


—Hanlaryň içinde hanlar hany sen,

Aşyk bolsaň, magşugyňy tany sen,

Sen pisint etmediň Bibijany sen,

Gitgin indi, demir donly, bu ýerden!



—Görogly aýdar, şirin-şeker sözlini,

Janym alan nerkes gara gözlini.

Ak ýüzi zenahdan1, goşa hallyny,

Alman gitmez demir donly bu ýerden.


--------------------------------------------------------------------------------------------------------------

1 Rykap — eýer. ! Däh — on.

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir