Alymlar koronawirus bilen kesellänleri “ýagtylandyrýan” maskany döretdiler
Massaçusets tehnologik institutynyň we Garward uniwersitetiniň alym-bioinženerleri gorag maskalary üçin ýörite datçikleri döretmegiň üstünde işleýärler. Olar fluoressent signalynyň kömegi bilen adamda koronawirusyň bardygyny görkezerler. Bu barada 360tv.ru neşirinde bellenilip geçilýär.
Business Insider portalynyň habar bermegine görä, 2014-nji ýylda Jim Kollinziň topary bu tehnologiýany işläp düzdi. Ýöne şonda ol Ebola wirusyny ýüze çykarmak üçin niýetlenildi. 2016-njy ýylda olar bu tehnologiýany Zika wirusy bilen göreşmeklige gönükdirdiler.
Indi bolsa koronawirus keseli bilen göreşmeli boldy. Alymlar ýörite gorag maskalaryny täze wirusyň esasynda özleşdirýärler. Ol koronawirusly adam dem alanda, üsgürende ýa-da asgyranda ýagtylanyp başlaýar.
Kollinziň aýtmagyna görä, bu taslamany aeroportlarda, işe gidişin we gaýdyşyn ýolda ýa-da hassahanada syrkawlar kabul edilişige garaşýan wagtlary peýdalanyp bolar.
“Lukmanlar olary hatda nusgalary barlaghana ibermezden ýerlerde anyklamak üçin hem ulanyp bilýärler” – diýip, ol belleýär.
Barlag geçiriji häzirki işiň heniz “örän irki tapgyrdadygyny” belläp geçdi. Ýöne onuň aýtmagyna görä, netijeler umyt beriji görünýär. Soňky birnäçe hepdäniň içinde onuň topary datçikleriň täze koronawirusy tüýküligiň az möçberli nusgasynda anyklaýjylyk ukybyny barlap gördüler.
Alymlar super-maskanyň dizaýny bilen hem işleşýärler. Häzir barlaghana datçigi maskanyň içinde oturtmalymy ýa-da islendik maska berkidip boljak moduly taýýarlamalymy diýen meseläni maslahatlaşýar.
Neşir wirusy ýüze çykaryjy tehnologiýanyň eýýäm subut edilendigini belleýär. 2018-nji ýylda barlaghananyň datçikleri ýiti respirator wirusly keseli, gyzamygy, dümewi, C gepatiti we beýleki keselleri döredýän wirusy ýüze çykarmagy başardylar.
Kollinziň datçigi wirus bilen aragatnaşygy açýan DNK we RNK genetiki materiallardan ybarat. Munuň üçin iki zat gerek: birinji – bu biziň organizmimiziň dem alyş bölekleri arkaly bölüp çykarýan nem we tüýkülik ýaly suwuklygy. Ikinji - wirusyň genetiki täsirini anyklamak.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir