Amangeldi Gönübek

Amangeldi Gönübek 1830-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky köne Gökdepe galasynda eneden bolýar. Ol köp ýyllaryň dowamynda Babarap, Ýaňgala obalarynda, ömrüniň soňky ýyllary bolsa Gökdepe galasynda ýaşapdyr. Ýaşlykdan edermenlikde, ugurtapyjylykda, paýhaslylykda deň-duşlaryndan saýlanyp, hemişe sözünde berk durýan, her hili kynçylykly ýagdaýlardan baş çykaryp bilýän ynsan hökmünde özüni tanadan Amangeldä obadaşlary Gönübek lakamyny goýupdyrlar.

Amangeldiniň ilkinji halypasy Hemra Şyh bolupdyr. Onuň ýene bir halypasy özünden bary-ýogy ýedi ýaş uly, ýöne aýdym-saza, ussaçylyga juda ir baş goşup, tiz wagtda kämillik derejesine ýeten Gulgeldi ussadyr. Ýaşlykdan akyl paýhasyň, zehiniň öýi bolan Gulgeldi, Amangeldiniň dogry ýola düşüp, dutar senediniň taýsyz ussady bolup ýetişmegi, her bir mukama özboluşly çemeleşip, ösdürip, kämilleşdirip, täze, has nepis hem çylşyrymly nusgasyny sünnälemegi ündän ýeke-täk halypasydyr. Ol onlarça ölmez-ýitmez şirin owazly sazy döreden sazandadyr. Onuň döreden «Bedew», «Teşnit», «Gözel sen», «Ýigitler», «Aýralyk mukamy», «Gökdepe mukamy», «Urup çykdy», «Saltyklar», «Burnaşak», «Bike halan», «Söýli halan», «Alagaýyşly», «Heserli», «Jeren kyblam», «Jelik», «Hajygolak», «Ybraýym şadilli», «Dilim gyrk» ýaly onlarça mukamlary biziň günlerimizde-de bagşydyr sazandalaryň repertuaryndan düşmän gelýär. Halypalaryň halypasy derejesine ýeten ussat sazandanyň näçe saz döredendigi barada doly maglumat bolmasa-da, onuň 60-dan gowrak saz eseriniň milli halk sazlaryna goşulyp, saz mirasymyzyň genji-hazynalaryna öwrülip gidendigi-de ezber sazandanyň döredijilik mirasynyň egsilmezligini subut edýär.

Amangeldi Gönübegiň at-owazasy ХIХ asyryň ikinji ýarymynda Ahal bilen Mary aralygynda giň ýaýrapdyr. Ol uly iliň söýgüli sazandasy, geňeşdary, myhman üçin gapysy açyk, tapany ortadaky adam bolupdyr.

Amangeldi Gönübek il içinde diňe bir ussat sazanda hökmünde belli bolman, eýsem, durmuşda gündelik gabat gelýän çylşyrymly meseleleri parahatçylyk ýoly bilen çözmegiň tarapdarydygy bilen hem belli bolupdyr. Ol bütin manyly ömrüni töwerekde parahatçylygy durnukly saklamaklyga, tireler arasyndaky ýüze çykýan agzalalyklary ýok etmeklige, adamlaryň parahat hem agzybir ýaşamaklaryny üpjün etmeklige bagyş edipdir we ençeme anyk çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmeklige gös-göni gatnaşypdyr.

Biziň günlerimize çenli onuň diňe bir saz mirasy däl-de, eýsem, bu eserleriň döreýiş taryhyny beýan edýän, dilden-dile geçýän rowaýatlar hem gelip ýetdi. Ussat halypanyň joşgun bilen çalan sazlary, döreden täze mukam nusgalary milli saz mirasymyzyň özboluşly akabasydyr. Dutarçylyk sungatynyň şol akabasynyň gözbaşyndan ine-gana içen Kel bagşy, Täçmämmet Suhanguly dagy, Gönübegiň döredijilik, ýerine ýetirijilik däplerini täze belentliklere göterip, halypanyň arzuwlarynyň wysal bolmagyny gazandylar.

“Türkmen milli dutarçylyk sungatynyň gadymdan gelýän däplerini kämilleşdirmekde we täze belentliklere götermekde Amangeldi Orazaly oglunyň (Gönübek), beýik halypanyň hyzmaty örän uludyr. Muňa Sahy Jepbarow, Pürli Saryýew, Çary Täçmämmedow, Ata Ablyýew, Ýagmyr Nurgeldiýew ýaly geçen asyrda ýaşap öten ussatlaryň beren gürrüňlerini, birgiden sazşynaslaryň, galamgärleriň ýazan makalalaryny görkezmek bolar” (Saparow A. Sungatym – buýsanjym. – A.: TDNG, 2014).

Amangeldi Göni 1879-njy ýylda, birinji Gökdepe söweşiniň ahyrky günleriniň birinde gahrymanlarça wepat bolýar. Meşhur sazanda Amangeldi Gönübegiň nesillere galdyran ajaýyp mukamlary hem türkmeniň ýaşaýşy, durmuşy, umuman, geçmişi bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Ol saz eserleri häzirki bagşy-sazandalar üçinem gadyr-gymmatynyň bahasyna ýetip bolmajak nusgalygyny saklap gelýär. Halypanyň sarpasyny belent saklaýan, oňa uly hormat goýýan şägirtleri bu mukamlary biziň günlerimize ýetirdiler.

Türkmen radiosynyň döredilmegi, filarmoniýanyň açylmagy, bagşy-sazandalar toparynyň döredilmegi, bilen olaryň çykyşlaryny radio arkaly giň halk köpçüligine eşitdirmek işi ýola goýlup başlan ussat halypanyň ýerine ýetiren ajaýyp sazlary bolsa Teleradiýoýaýlymlarynda ýaňlanyp dur.

Aýdym-saz sungatymyz dünýäniň täsin gözelligi bolup, ol köp asyrlaryň dowamynda kämilleşip, ösüp şu günki derejesine ýetipdir. Türkmen halky bu sungaty özüniň ruhy baýlygy saýýar.

Edebiýat, 12 tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir