Orazgül Abasowa 1941-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dünýä inýär. O.Abasowa orta mekdebi tamamlap, oba medeniýet öýüniň halk teatrynda işläp başlamagy sahnanyň edim-gylymlaryny ele almagyna itergi berýär. Soňra ol Kaka etrabyndaky medeniýet öýüniň halk teatrynyň çeper ýolbaşçysy bolýar. Ol etrabyň halk teatrynda sahnalaşdyrylýan sahna oýunlarynda çykyş edip başlaýar.
Orazgül Abasowa 1964-1967-nji ýyllarda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky teatr studiýasynda okap, teatr sungatynyň inçeliklerine aralaşýar. Bu ýerde ol teatryň halypa artistlerinden tälim alýar. Ol teatryň studiýasynda okaýarka, teatrda sahnalaşdyrylan «Zoraýakdan lukman bolan» oýunda Smiraldinanyň keşbini janlandyrýar.
Orazgül Abasowa 1967-nji ýylda teatryň studiýasyny tamamlap, Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň drama artisti wezipesinde işläp başlaýar. Ol ýerde şol döwürde sahnalaşdyrylan spektakllaryň onlarçasynda - «Bagbanyň gyzy» spektaklynda Maralyň, «Kör gyzyň täleýi» atly oýunda kör gyzyň, «Zöhre-Tahyr» spektaklynda Mahymyň we Tahyryň ejesiniň, «Millioneriň gedaý ogly» spektaklynda millioneriň aýalynyň keşplerini ýerine ýetirdi.
Orazgül Abasowa 1977-nji ýylda Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda döredijilik ýoluny dowam etdi. Teatrda sahnalaşdyrylan spektakllaryň 50-den gowragynda dürli häsiýetdäki keşpleri ýerine ýetirip, halkyň söýgüsini gazanmagy başardy. Bu teatryň sahnasynda ilkinji gezek O.Abasowa «Ömür dawasy» atly oýunda halypa artist A.Gulmämmedow bilen keşp janlandyrmak bagty miýesser edýär. Ol bu spektaklda halypa artistiň ýanýoldaşynyň keşbini janlandyrýar. Ol soňra meşhur «Nesimi» oýnunda Ioannusyň, «Gelinleriň gozgalaňy» oýnunda Lutfihonyň, «Hasar» balladasynda Ak sülügiň, «Harman däli» oýnunda kempiriň, «Görogly» oýnunda Gadym periniň «Gelin gelýär» oýnunda ýamanja enäniň keşplerinde çykyş edýär. Şol sanda «Bazar aganyň zürýatlary», «Nejep oglan», «Ene toprak», «Bernarda Albanyň öýi», «Oguz oýny», «Giýewleriň bäsleşigi» ýaly oýunlardaky janlandyran keşpleri O.Abasowanyň kämilleşmegine giň ýol açýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen teatrlarynda kämil spektakllaryň ençemesi döredilip, tomaşaçylara ýetirildi hem-de bu sahna oýunlarynda Orazgül Abasowanyň döreden keşpleri onlarçadyr. O.Abasowa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyzlygyň beren miwesini wasp etmekde, döwürdeşlerimiziň gazanýan zähmet üstünliklerini, milli şahsyýetlerimizi açyp görkezmekde teatrda sahnalaşdyrylan «Nejep oglan» spektaklynda Mylaýymyň ejesiniň, «Söýgi hem mekirlik» spektaklynda Arwah aýalyň, «Galkynyşyň ak gülleri» spektaklynda Aşpez aýalyň, «Awazanyň gülleri» spektaklynda Ülje ejäniň, «Göroglynyň öýlenişi» spektaklynda Gadymperiniň keşplerini ussatlyk bilen janlandyrdy.
Orazgül Abasowa diňe bir teatryň sahnasynda çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, ol kino sungatyna hem öz goşandyny goşýan artistdir.
Ol kinorežissýor I.Bekmiýewiň «Jennet bagy», H.Kakabaýewiň «Jennet guşy», K.Orazsähedowyň «Çakan aga», W.Işangulyýewiň «Bagta barýan ýollar», K.Garaýewiň «Söýgi durmuşyň bezegi» atly filmlerinde dürli keşpleri ýerine ýetirýär. O.Abasowa türkmen telewideniýesi hem-de Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan taýýarlanan teleoýunlarynda Ýalpylyň, Ozzy ejäniň keşplerini ussatlarça ýerine ýetirip, giň tomaşaçylar köpçüliginiň söýgüsini gazandy. Zehinli artistiň dürli häsiýetdäki gahrymanlaryny teleradioýaýlymlarynyň «Degişmeler dünýäsi» gepleşiginde goýberilýär. Ozzy eje adyny alan artist ençeme degişmeli sahnalary halkymyza ýetirdi.
Orazgül Abasowanyň türkmen teatr hem-de kino sungatynda bitiren işlerini göz öňünde tutup, ol döwlet tarapyndan birnäçe sylaglar bilen sylaglandy we hormatly atlar dakyldy. Oňa 1991-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2007-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakylýar.

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir