Hytaýda COVID-19-dan bäş sanjymyň synagy barada gürrüň berdiler
Hytaý koronawirusdan 2575 meýletinçide bäş sany dürli sanjymyň üstünlikli synagy barada habar berdi. Eger-de mundan soňky synaglar hem üstünlikli bolsa, onda kliniki synaglaryň ikinji tapgyry iýula çenli tamamlanar, bu barada RIA Nowosti agentligine salgylanmak bilen lenta.ru habar berýär.
“Häzirki wagtda biziň elimizde adenowirus wektorynyň esasynda bir rekombinat sanjym we dört sany inaktiwirlenen sanjym bar” – diýip, saglygy goraýyş boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Szen Isin belleýär. Şeýle-de, bu sanjymlaryň ählisiniň derman serişdelerine we iýmit önümlerine gözegçilik boýunça döwlet edarasy tarapyndan makullanylandygy nygtalýar.
Şu wagt jemi 2575 adam bu sanjymy özlerinde synap gördüler. Birinji tapgyrda kliniki synaglar 539 meýletinçide geçirildi. Synagyň ikinji tapgyrynda sanjym 2036 meýletinçä edildi, häzir sanjymyň netijeliligini we howpsuzlygyny bahalandyrma işleri alnyp barylýar.
Bu işler howpsuz diýlip hem kabul edildi. Alymlar eýýäm synagdan geçenlerde antibedenjikleriň üstünlikli işi barada maglumat alýarlar. Meýletinçilerde ikinji derejeli netijeler hem ýüze çykarylmady.
Öň, HHR-iň kesellere gözegçilik etme we öňüni almak boýunça merkeziniň ýolbaşçysy Gao Fu eger-de tehnologik önümçiligiň kadaly tertipnamasy berjaý edilse, onda sanjymy şu ýylyň ahyryna-indiki ýylyň başyna çenli öwrenip boljakdygyny aýtdy.
Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatlary boýunça, koronawirusyň Hytaýyň territoriýasynda ýaýrap başlanyndan bäri, onuň bilen 84 müňden gowrak adam keselledi, 4,6 müňden gowrak keselleme ýagdaýy ölüm bilen gutardy.

Bilim, 12 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir