KÖRLÜK KESELI WE KORONAWIRUS

Romanyñ başlanyşy şeýle: gyzyl yşyk ýananda säginen awtoulagyñ rulunda oturan sürüjiniñ gözi birdenkä kör bolýar. Bir tanşy ony göz lukmanyna äkidýär, göz lukmany-da, yzyndan ony getiren tanşy-da kör bolýar. Lukmanyñ ýanynda işleýän kömekçisi-de körlükden nesibini alýar we ş.m... Görşüñiz ýaly, az salymyñ içinde "ýokanç körlük keseli" başlaýar duruberýär.Portugal ýazyjysy Žoze Saramagonyñ 1998-nji ýylda "Nobel" baýragyny alan we kinofilmi-de surata düşürilen bu romanynyñ ady: "Körlük" ("Слепота").Roman körlügiñ köpçülikleýin ýokanç kesele öwrülen jemgyýetinde bolup geçýän wakalary suratlandyrýar. Ýokanç koronawirus keseliniñ ýaýran şertlerinde ýaşap ýörüs. Dünýä mundan öñem şuña meñzeş köpçülikleýin ýokanç keselleriñ ýaýran döwürlerini başdan geçiripdi. Emma "Körlük" romanyny okanyñdan soñ koronawirus ýaly epidemiýalaryñ körlük keseliniñ ýanynda çaga oýunjagy ýaly bir zat bolup galýandygyna düşünýärsiñ. Romanda görmeýänleriñ (körleriñ) arasynda, gözi görýän, emma görýändigini gizleýän birisi-de bar, bu bolsa “görmek” ukybynyñ adam üçin bahasyna ýetip bolmajak nä derejedäki gymmatlykdygyny görkezýär.“Körlük keseliniñ” niçiksi jemgyýet manzarasyny orta çykarýandygyny görmek üçin romany hökman okamak gerek. Şular ýaly günlerde-hä, bu eseri wagtyñyzy giderip okanyñyza asla-da ökünmersiñizmikä diýýän.Emma netijede ondan has çäkli weýrançylyga getiren koronawirusyñ külli adamzat jemgyýetini niçiksi gara girdabyñ içine itekländigine özüñiz şaýat.Bir wirusdan söz açýarys. Kinniwanja bir närse. Birdenkä ol bütin dünýäniñ gözüne ilýär. Bütin medisina dünýäsi aýaga galýar. Tanalýança we garşysyna el-ele berlip göreşilýänçä müñlerçe adamy tükgerdip ýetişýär. Uly-uly ýurtlaryñ adamdan ýaña aýak basara ýer bolmaýan mähelleli köçeleri, bulwarlary boş hañlap ýatyr, yns-jynsa gözüñ düşjek gümany ýok. Köçeler koronawirus belasynyñ elinde. Ykdysadyýetler çat açmaga başlady.Eýse, himiki urşuñ bosagasynda durusmyka? Çünki adamzadyñ elinde şeýle ýaraglaryñ bardygy gizlin däl. Bir telbäniñ biri çykaga-da, adamzadyñ köküne kükürt suwuny döküp biler. Bu boýunça birgiden ylmy-fantastiki eserler ýazyldy.Ynsan ogly ynsana garşy atom bombasyny ulanmadymy näme... Aşakda ýañy dünýä inen neresse bäbejikleriñ, uruşa dahylsyz bigünä adamlaryñ 15 sekundyñ içinde dumana öwrülip gitjegine pitiwa eden boldumy?!.Şeýdip adamçylygyny ýitiren adam oglunyñ gäbi azdygyça azdy.Adamzadyñ nirä tarap barýandygyna üns bermek lazym. Koronawirusa garşy öñüni alyş çäreleri işlenip taýýarlanylýar-a... Bularyñ hemmesi adamyñ özüne we beýlekilere dahylly etmeli işleri. Öz janymyz bokurdaga gelip dirände, belki-de, biraz janypkeşligimiz artýan bolarly.Emma bu kynçylyk bosagamyza gelip dirände herekete geçen janypkeşlik bilen dep ederden uly görünýär.Adamzadyñ sferalaýyn derejede işjeñligi başdan geçirýän şu döwründe “kiçijik bir ýalñyşlygyñ” sferalaýyn derejede weýrançylyga öwrülme howpynyñam bolýandygyna hemmämiz bilelikde şaýat bolduk. Merhum Kemal Ural beýiñ “Ownuk zat ýok” ("Küçük Şey Yoktur") diýen kitaby bardy. Hut şeýle. Kebelek täsiri diýilýär-ä... Hytaýdan çykan bir adam Italiýany oda berýär. Edil ýöne goza ýanýan ýaly, tutaşyp-tutaşyp ýanýar... Şindi Hytaýda dörän bu ýangyn bize gelip ýetmez diýýän barmy? Awstraliýa ýandy, düýeler ýok edildi. Bize hiç zat bolmaz diýýän barmy? Adam hökmünde ýaradylyşa-ýaradylmyşa garşy eden günälerimize ser salmak lazym. Howa, suwa, agaçlara, guşa, asmana, ýere... Nämäni näçeräk sarp edýäris, näçeräk hapalaýarys, näçerägi arassa?Ynha, “Körlük” romany hem hut belli bir mesele babatda adamyñ içki körleşmesiniñ, göýdükleşmesiniñ şahsy bähbitleri bilen birlikde niçiksi batgalykda boguljagyny-da okyja ussatlyk bilen düşündirip bilipdir.Şahsy bähbitlerimiz...Muña çapyp ýadamadykmy? Besdir indi!Äleme näme berýäris? Biz munda artykmaçmy, ýa kemmi? Nämedir bir zatlary goşant goşýarysmy ýa-da nämedir bir zatlary kemeltýärismi?

Ahmet TAŞGETIREN,ahmettasgetiren@karar.com13.03.2020 ý, "Karar" gazeti.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,Stambul uniwersitetiniñ talyby.

Salgylanma: kitapcy.ga

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir