Apple kompaniýasynyň üpjünçisi ABŞ-da $12 milliarda kärhana gurar
Apple amerikan kompaniýasy üçin ýarym geçirijileri ýola goýujy hasaplanýan Taiwan Semiconductor Manufacturing Co (TSMC) Arizonada $12 milliarda mikroshemalaryň önümçiligi boýunça kärhana gurmakçy bolýandygyny mälim etdi. Kompaniýa şeýle etmek bilen 1600 sany täze iş ýerlerini döretjekdigini aýdýar. Bu barada yandex.ru habar berýär.
ABŞ-nyň administrasiýasynda hem TSMC kompaniýasynyň kärhanany ABŞ-nyň territoriýasynda gurmak baradaky pikiri goldanyldy. Döwlet sekretary Maýk Pompeo munuň Amerikanyň Hytaýdan ykdysady we tehnologiki garaşsyzlygyny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.
Kärhananyň gurluşygyna 2021-nji ýylda başlanylar. Bu TSMC kompaniýasynyň ABŞ-daky ikinji önümçilik meýdançasy bolar.
Bu kärhana ýarym geçirijiler tehnologiýasynyň gurşawynda täze bir önümiň, 5 nanometr çipleriň çykarylmagyna ünsi gönükdirer. Kärhananyň önümçilik işine girizilmegi 2024-nji ýyla meýilleşdirilýär. Bu taslama üçin 2021-nji ýyldan 2029-njy ýyl aralygynda çykdajy 12 milliard dollar töweregi bolar. Kärhananyň kuwwatlylygy aýda 20 müň ýarym geçiriji plastine barabar bolar diýlip bellenilýär.
Maýyň başynda HBS ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň edarasynyň iri ýarym geçirijileri öndürijiler, şol sanda TSMC taýwan kompaniýasy bilen gepleşik geçirýändigini habar berdi, sebäbi häzir Ştatlar zerur bolan tehnologiýalaryň üpjünçiligi üçin aziýa ýurtlaryna daýanmaly bolýar, koronawirus bilen bagly ýagdaý bolsa harytlary we hyzmatlary ýola goýmak boýunça bütindünýä zynjyrynyň goragsyzdygyny görkezdi.

Täzelikler, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir