Şu ýyl Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda suwa düşmek çäklendirilýär
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň hökümet mejlisinde habar berşi ýaly, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar tarapyndan Hazaryň kenarynda, Awazada hem-de ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda tomus döwründe syýahatçylygy we dynç alşy guramak baradaky mesele jikme-jik öwrenildi.
Toparyň agzalary dünýäde we sebitde ýiti ýokanç keseliniň ýaýramagy bilen baglylykda, çylşyrymly epidemiologiýa ýagdaýy nazarda tutup, şeýle hem adamlaryň saglygy üçin howply bolan koronawirusyň ösüşiniň ikinji tapgyryna garaşylýandygy baradaky ylmy çaklamalara laýyklykda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda tomus möwsüminde medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegini hem-de Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda suwa düşülmegini çäklendirmegi maksada laýyk hasapladylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň ýokanç keselleriň adatça güýjeýän wagty bolan güýz-gyş döwrüne hem taýýardygy bellenildi. Eýýäm häzirden möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça çynlakaý çäreler görülýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalaryna ýüzlenip, häzirki döwürde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly bütin dünýäde dartgynly ýagdaýyň dowam edýändigini, raýatlarymyzyň saglygyny goramagyň, abadan durmuşyny üpjün etmegiň biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdygyny nygtady.
Şoňa görä-de, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň tekliplerine eýermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.
Şu ýyl Hazar deňziniň kenarynda we Awazada tomus döwründe raýatlarymyz üçin syýahatçylygy, dynç alşy hem-de suwa düşmegi çäklendirmeli, tomusky dynç alyş möwsüminde Aşgabatdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alşyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmeli, çagalaryň we ýetginjekleriň tomus möwsüminde mekdepleriň ýanyndaky meýdançalarda hem dynç alşynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmeli, dynç alyş merkezlerinde çagalaryň wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirmekleri üçin bedenterbiýe-sport hem-de medeni çäreleri guramaly diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir