«PSŽ-niň» futbolistleri Liga 1-de gazanylan ýeňşiň şanyna telefonlar üçin altyn örtükli daşlyklary alarlar
“Pari Sen-Žermen” fransuz klubynyň futbolistleri 2019/20-möwsümiň Liga 1-inde gazanan ýeňşiniň şanyna telefonlar üçin altyn örtükli daşlyklary sowgat hökmünde alarlar. Ýatladyp geçsek, möwsüm koronawirus pandemiýasy sebäpli doly tamamlanmady. Bu barada I Design Gold Twitter internet torundaky özüniň resmi sahypasynda habar berdi diýip, russian.rt.com saýtynda bellenilip geçilýär.
Bellenilip geçilişi ýaly, gurama altyn örtükli eksklýuziw önümleriň önümçiligi bilen meşgullanýar we hut şu gurama hem “Pari Sen-Žermeniň” futbolistlerine çempionatdaky ýeňiş üçin sowgat berer.
Belli bolşy ýaly, telefonlar üçin daşlyklar 24-karat altyn bilen örtüler. Şeýle-de, oňa türgeniň ady we belgisi haşamlanyp ýazylar.
Futbol boýunça Fransiýanyň çempionaty 28 tapgyrdan soň koronawirus pandemiýasy sebäpli saklanyldy. Şol wagtyň ýagdaýy boýunça «PSŽ» 68 utuk gazanmak bilen birinji orny eýeledi (bu bolsa ikinji orunda gelýän “Marselden” 12 utuk ýokarydyr).

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir