Fergýuson Jastin Getjiden näme üçin ýeňilendigini aýtdy
Garyşyk başa-baş göreşiň (MMA) amerikaly göreşijisi Toni Fergýuson 9-njy maýda UFC 249 turniriniň çäklerinde geçen göreşde özüniň watandaşy Jastin Getjiden näme üçin ýeňilendigini aýtdy, bu barada dixinews.ru belläp geçýär.
Turnir tamamlanandan soň, Fergýuson şeýle diýdi: “Men Habib bilen boljak göreşe taýýarlanypdym. Bu beýle bolmaly däldi”. Ýöne ol Getjiniň gowy göreşijidigini hem belledi.
Belläp geçsek, UFC 249 turniri Jeksonwillde geçirildi. Iki amerikaly göreşijiniň tutluşygy bäşinji raundda tamamlandy, şonda emin göreşi Fergýusona zeper ýetendigi sebäpli saklady.
Netijede, Getji UFC-niň wagtlaýyn guşagynyň eýesi boldy. Bu onuň 24 göreşinden 22-nji ýeňişi. Fergýuson bolsa yzygiderli 12 ýeňşiniň arasyny üzdi.
Getjiniň indiki göreşi ýeňil agramda UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow bilen geçirilmeli. Habib hem Jastiniň ýeňşine öz garaýşyny aýtdy.
“Şu sportda we aýratynam, şu agramda seniň “yzyňdan dem aljak” hemişe “aç ýolbarslar” bolar, eger-de sen rahatlansaň, onda seniň soňuň geldigidir. Biri gidýär, beýlekiler gelýär, bu ýerde geň göresi zat ýok. Ýöne men atyşykdan öň ýykylmaryn. Biz entek duşuşarys” – diýip, Habib internet torunda ýazýar.
Ýatladyp geçsek, UFC 249 turnirinde Fergýuson Nurmagomedow bilen uruşmalydy, ýöne koronawirus ýaýrawy sebäpli göreş ýatyryldy. Soňrak bolsa rus göreşijisiniň ornuny amerikaly Getji çalşyrdy.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir