Ekspertler çaýyň saglyga peýdaly bolmagynyň sebäbini aýtdylar

Çaý esasan gurplandyryjy serişde hökmünde ulanylýar, ýöne barlag geçirijileriň maglumatlary boýunça, dürli keseller bilen göreşmäge kömek edýär we yzygiderli kabul edilen ýagdaýynda adamyň organizmini berkidýär. Bu barada dni24.com saýtynda bellenilip geçilýär.
Çaýyň islendik görnüşi Camellia sinensis ösümlik görnüşinden alynýar. Ylym üçin onuň özboluşlylygy bu ösümligiň ýabany görnüşiniň ýoklugynda jemlenýär.
Çaýyň düzüminde ikinji derejeli metabolitler bolýar, olaryň arasynda L-teanin, kofein, şeýle-de katehinler adam üçin örän peýdaly hasaplanylýar. Bu birleşme stimulirleýji täsiri döredýär, nerw ulgamynyň ünslüligini we işe ukyplylygyny ýokarlandyrýar, şähdiňi açýar. Gök çaýyň düzüminde bar bolan epigallokatehin gallaty (katehiniň görnüşi) antikanserogen häsiýetine eýedir. Ol rak öýjüklerini ýok etmäge kömek edýär. Çaý ukynyň hilini gowulandyrmaga kömek edýär we birahatlyk derejesini peseltmek bilen rahatlandyryjy serişde bolup ýardam edip bilýär. Katehinler gara çaýa garanda, gök we ak çaýyň düzüminde köp bolýar, hut şolar çaýa ajymtyk tagamy berýärler.
Hytaýyň lukmançylyk ylymlary akademiýasynyň maglumatlary boýunça, bu içgini köp ýyllardan bäri yzygiderli kabul edýän çaýy söýüjiler ýürek-damar ulgamynyň näsazlyklaryna az duçar bolýarlar. Bu şu sebäp bilen ölüm howpuny 29% pese düşürýär.
Geçen ýyl ýapon neýrobiologlary L-teaniniň kognitiw funksiýalara täsirini we uly ýaşly sagdyn adamlarda strese garşy durujylygyny öwrendiler. Barlaglar günde 200 milligram L-teanin dört hepde kabul edilenden soň, barlagdan geçijilerde stresiň we depressiýanyň derejesiniň peselendigini, özlerine bolan ynamyň ýokarlanandygyny görkezdi.
Hytaý alymlary çaýyň yzygiderli kabul edilmeginiň garrylykda demensiýanyň we Alsgeýmer keseliniň güýçlenmek howpuny peseldýändigini subut etdiler.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir