Nebit-gaz pudagynda ýokary netijeleriň gazanylmagynda ylmy gözlegleri amala aşyrmak arkaly çuňlukdaky tebigy baýlyklaryň ýerlerini seljermek we gor mukdaryny anyklamak, ulanyş mümkinçiliklerini özleşdirmek, olary gaýtadan işlemegiň tehnologiýasyny ylmy taýdan esaslandyrmak onuň ýokary derejede ösmegini şertlendirýär. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini artdyrmak esasy meseleleriň biridir. Türkmenistanda geologiýa-gözleg işleriniň barşynda çaklamany, gözleg usulyýetini we tehnikasyny, gazma baýlyklaryň känini gözlemek we olara ykdysady taýdan baha bermegi kämilleşdirmek maksady bilen aşakdakylar göz öňünde tutulýar:
— sebitleýin geologiýa we geologik kartalaşdyrmakda ýerüsti geofiziki usullaryň özleşdirilmegi, dünýäniň iň täze, öňdebaryjy tehnologiýalaryny, geohimiki usullary we aerosurata alyş maglumaty işlemek usullaryny ulanmak bilen netijeliligi ýokarlandyrmak.
— gazma baýlyklary gözlemekde we barlamakda ýokary netijeli dürli modifikasiýalary, bu ugra degişli sanly dolandyryş ulgamly kesgitleýji döwrebap enjamlary peýdalanmak, üç ölçegli seýsmiki gözlegiň möçberini ýokarlandyrmak, telemetrik köpkanally stansiýalary ulanmak, takyk ýerüsti we guýy geofiziki barlaglary toplamak, agtaryş we käne senagat taýdan baha bermegi kämilleşdirmek ýaly degerli çözgütleriň kabul edilmegi maksat edinilýär. Bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredýär, ýagny ýurdumyzyň nebit-gaz, geologiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady ýokarlandyrylyp, dünýäniň bu ugra degişli ösen tehnologiýa enjamlary bilen üpjünçiligi gowulandyrylýar.
Bularyň özi geologiýa-geofiziki gözlegleriň artmagyna, olaryň netijeliliginiň gowulandyrylmagyna, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanyp, senagat düzümleriniň artdyrylmagyna giň mümkinçilik döredýär. Şeýle-de çig mal gorlaryny netijeli peýdalanmak bilen, täze ýokary hilli önümleri öndürmäge, ýurduň daşyndan getirilýän önümleri özümizde öndürilýän önümler bilen çalşyrmak arkaly önüm bolçulygyny döretmäge giň mümkinçilik berýär.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir