BSGG-niň ýolbaşçysy koronawirus garşy göreşiň iň netijeli serişdesini aýtdy
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri Tedros Adanom Gebreýesus planetamyzyň 3 milliard ýaşaýjysynda suw üpjünçiliginiň we sabynyň ýokdugyny ýatlatdy.
Eliňi sabynlap yzygiderli ýuwmak bolsa COVID-19-a garşy iň gowy serişdeleriň biri bolup durýar. Şeýle pikiri duşenbe güni Ženewadaky brifingde Gebreýesus öňe sürdi. Bu barada argumenti.ru habar berýär. “Biz dünýäde millionlarça adamyň howpsuzlygyň esasy çäreleriniň birine, ýagny eliňi sabynlap ýuwmak mümkinçiligine eýe däldigini ýatdan çykarmaly däl” – diýip, ol belleýär.
BSGG-niň ýolbaşçysy “sabyna maýa goýumy, suwa we spirt esasly el ýuwujy serişdelere elýeterliligi çalt ýokarlandyrmaga” çagyrdy. Ol köp ýurtlarda koronawirus bilen kesellemegiň täze ýagdaýlarynyň sanynyň köpelýändigini hem ýatlatdy.
BSGG-niň baş müdiri tutuş dünýä boýunça koronawirus ýaýrawy bilen göreşde üstünlik gazanmak häzirki wagtda COVID-19-a garşy dermanyň çalt döredilmegine däl-de, enjamyň ýurtlaryň arasynda deň paýlaşylmagyna bagly diýip hasaplaýar.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir