Fransuz klublaryna 225 million ýewrolyk ýardam

2019/2020 futbol möwsümi juda ir tamamlanan Fransiýada federasiýanyň we ýurduň degişli edaralarynyň tagallasy bilen 1-nji we 2-nji ligalardaky klublara kömek berler. Aýratynam teleýaýlymlardan gelýän girdejiniň belli bir böleginiň öwezini dolmak maksady bilen şeýle-de mart–aprel–maý aýlaryndaky çykdajylarynyň belli bir bölegi üçin beriljekdigi habar berildi. Görkezilen pul mukdary döwletiň kepillendirilmegi esasynda käbir banklardan alnar. Koronowirus sebäpli möwsümiň tamamlanmagyna 10 tapgyr galanda tamamlanan Ligue 1-de PSŽ topary çempion diýlip yglan edilipdi.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir