ABŞ koronawirusa garşy sanjymy 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli döretmegi meýilleşdirýär
ABŞ-nyň hökümeti koronawirusa garşy sanjymy döretmek işini 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli tamamlamagy meýilleşdirýär. Bu barada gazeta.spb.ru habar berýär.
“Şeýle sanjymyň döredilmegi başa barmajak iş däl, tersine, mümkin bolan işdir” – diýip, allergiýa we ýokanç keselleriniň Milli institutynyň müdiri Entoni Fauçi belleýär.
Elbetde, sanjym döredilenden soň onuň howpsuzlygyna we netijeliligine şübhe döräp biler. Ýöne şunuň bilen birlikde alym häzirki wagtda hiç bir döwletiň muňa kepil geçip bilmejekdigini belleýär, şonuň üçin diňe “seresaply optimizmi” görkezmek galýar.
Soňky maglumatlar boýunça, ABŞ-da koronawirus bilen kesellänleriň sany 1,13 milliona barabar boldy, 66,3 müňden gowrak adam hem ýogaldy.
Ýatladyp geçsek, näbelli pnewmoniýa ýaýrawy Hytaýyň Uhan şäherinde geçen ýylyň 31-nji dekabrynda bellige alyndy. Soňky maglumatlar boýunça, dünýäde koronawirus bilen 3 483 935 adam keselledi. 244 773 adam aradan çykdy, şonuň bilen birlikde 1 121 499 adam sagaldy.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir