Neýmar “Barselona” geçmek üçin 100 mln ýewrodan ýüz öwürdi

“PSŽ-niň” hüjümçisi Neýmar fransuz kluby bilen şertnamany uzaltmak islemeýär. Bu barada metaratings.ru habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlary boýunça, 28 ýaşly braziliýaly oýunçy “PSŽ” bilen şertnamany uzaldan ýagdaýynda 100 million ýewro möçberinde bonus almalydy. Ýöne Neýmar “Barselona” dolanmak isleýär, şonuň üçin ol bonusdan ýüz öwürmek bilen bir hatarda aýlygyň 50% kemeldilmegine hem razydygyny habar berdi.
Neýmaryň şeýle ädimi onuň häzirki wagtda maliýe nukdaýnazaryndan kyn döwürleri başdan geçirýän katalon klubyna dolanmak mümkinçiligini artdyrar. Bu “Pari Sen-Žermeni” hüjümçiniň bahasyny peseltmäge mejbur eder.
Şu möwsümde Neýmar “PSŽ” üçin Liga 1-de 15 oýna gatnaşdy, onda 13 gezek gol salyp, 6 gezek netijeli geçirim etdi.
Ýatladyp geçsek, Neýmar “Barselonada” 2013-2017-nji ýyllar aralygynda çykyş etdi. Ol “Pari Sen-Žermene” 2017-nji ýylyň tomsunda geçdi. Transferiň bahasy rekordly 222 mln ýewro barabar boldy. Bu oýunçy bilen Madridiň “Realy” we “Ýuwentus” hem gyzyklandy. Transfermarkt.com portaly futbolistiň gymmatyny 128 mln ýewro bilen bahalandyrýar.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir