Fransuz “Renault” kompaniýasynyň rus bazary üçin öndürýän ulagy Günorta Koreýada “Samsung” ady bilen satuwa hödürlendi. “Renault Arkana” modeliniň aşagy beýik ulagy geçen ýylyň iýul aýynda Russiýada satuwa çykarylypdy. Ulaga müşderileriň gyzyklanmasynyň ýokary bolmagy modeliň beýleki bazarlarda hem hödürlenmegine sebäp boldy. “Samsung XM3” ady bilen koreý bazarynda satuwa çykarylan ulagy almaga isleg bildirýänleriň sany eýýäm 22 müňden geçipdir. Bu ýurtda “Samsung XM3” ulagynyň hereketlendiriji babatda iki görnüşi hödürlenýär. Olaryň biri 1,3 litr benzinli motorly bolup, kuwwaty 150 at güýjüne barabar. Beýlekisiniň motorynyň göwrümi 1,6 litr bolup, onuň kuwwaty 120 at güýjüne barabar. Ulagyň içki gurluşy “Arkana” modeli bilen meňzeş. 10 dýuýmlyk ekrany bolan modeliň içki göwrümi 513 litre barabar. Ulag koreý bazarynda 14 700 dollardan satuwa çykaryldy.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir