Tesla Şanhaýda Model 3-iň önümçilik göwrümini artdyrmagy göz öňünde tutýar
Ilon Maskyň Tesla kompaniýasy Şanhaýdaky kärhanasynda Tesla Model 3 elektromobilleriniň önümçilik göwrümini hepdede 4 müň elektromobile çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada amerikan kompaniýasyndaky çeşmelere salgylanmak bilen Sinhua agentligi habar berýär.
Geçen ýylyň ahyryndaky resmi maglumatlar boýunça, ilkibaşda Tesla-nyň Şanhaýdaky kärhanasy günde 280 ulag çykarýardy. 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde onda öndürilýän önümleriň lineýkasy diňe Model 3 sedany bilen çäklendirilipdi. Ikinji çärýekde bolsa Tesla Model Y krossoweriniň önümçiligi üçin ýygnaýjy hatarlary kämilleşdirmek isleýär, bu krossowere müşderiler indiki ýyldan eýe bolup başlarlar.
Teslanyň elektrokarlary ýygnama boýunça Amerikanyň çäginden daşyndaky ýeke-täk kärhanasy Hytaýda ýerleşýär. Şanhaýyň golaýyndaky Lingan etrabynda kärhananyň gurulmagy baradaky şertnama 2018-nji ýylyň iýulynda baglanyşyldy.
Häzirki wagtda kärhananyň gurluşygynyň ahyrky tapgyry alnyp barylýar, ýygnaýjy hatarlaryň käbiri eýýäm işleýär. Amerikan korporasiýasy ýyllyk önümçilik göwrümini ýuwaş-ýuwaşdan 500 000 ulaga çenli ýetirmekçi bolýar. Bu taslama goýlan umumy pul möçberi, takmynan, 50 mlrd ýuana (7,2 mlrd dollara golaý) barabar bolar.
Öň, «Автоновости дня» portalynyň habar bermegine görä, Tesla kompaniýasy dokuz aý yzygider girdejili kompaniýa bolmagynda galýar. 2020-nji ýylyň ýanwar-mart aýy aralygynda amerikan elektrokar öndürijisiniň arassa girdejisi bir ýyl ozalky 702 mln dollar ýitgä garşy durmak bilen 16 mln dollara barabar boldy. Ýatladyp geçsek, Tesla 2003-nji ýylda telekeçi Ilon Mask tarapyndan esaslandyryldy.

Tehnologiýa, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir