Antoniu Guterriş COVID-19 şertlerinde garrylary goldamaga çagyrýar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş COVID-19 pandemiýasynyň dünýä halklaryny howsala salýandygyna garamazdan, ýaşlaryň, gartaşan adamlaryň, umuman her bir adamyň durmuşynyň goraglygynyň möhümdigine üns çekdi. Baş sekretaryň Milletler Bileleşiginiň resmi web saýtynda ýerleşdirilen çykyşynda şeýle diýilýär:

– COVID-19 koronawirus pandemiýa ýokançlygy dünýädäki uly ýaşly adamlarda düşündirip bolmajak gorkyny we görülmedik azaplary döredýär. Garry adamlaryň arasynda ölüm derejesi, adatça, 80 ýaşdan uly adamlar üçin dünýädäki ortaça derejeden bäş esse ýokarydyr. Pandemiýa saglyga gönüden-göni täsirlerini ýetirmek bilen çäklenmän, garry adamlar üçin garyplyk, hukuklarynyň kemsidilmegi we aradan çykmak howpuny ýokarlandyrýar. Munuň ösýän ýurtlardaky garry adamlar üçin aýratyn zyýanly netijelere sebäp bolmagy ähtimal.


Özümem garry adamdygym we has uly ene hakda alada edýändigim sebäpli, pandemiýa we onuň dünýä jemgyýetçiligine ýetirýän täsiri barada biynjalyk bolýaryn.

Bu gün bu meseleleriň derňewini we olary çözmek üçin zerur teklipleri öz içine alýan çäreler tolumyny amala aşyrýarys. Biz koronawirus ýokançlygyna garşy göreşmek üçin garry adamlaryň hukuklaryna we mertebesine hormat goýmalydyrys.

Dört esasy wezipäni bellemegi ýerlikli hasaplaýaryn:

Birinjiden, ýaşlaryň we garrylaryň her biriniň durmuşy möhümdir. Garry adamlar durmuşda we saglykda beýlekiler ýaly ähli hukuklara eýedir.
Möhüm lukmançylyk kömegi bilen baglanyşykly kyn kararlar kabul edilende, ähli adamlaryň adam hukuklaryna we mertebesine hormat goýulmalydyr.

Ikinjiden, fiziki aralygyň möhümdigine garamazdan, bir jemgyýetdigimizi we hemmämiziň birek-birege degişlidigimizi ýatdan çykarmalyň. Sanly tehnologiýa arkaly garry adamlary goldamak üçin has täsirli sosial goldaw we has oýlanyşykly çäreler gerek.
Syýahat çäklendirmeleri we beýleki çäklendirmeler şertlerinde uly azaplara we aýry ýaşamak düzgünlerine sezewar bolup bilýän garry adamlar üçin bu örän möhümdir.

Üçünjiden, ähli sosial, ykdysady we ynsanperwerlik çäreleri garry adamlaryň zerurlyklarynyň doly göz öňünde tutulmagyny üpjün etmeli – saglygy goraýyş hyzmatlaryna ählumumy elýeterlilikden başlap, sosial gorag, mynasyp iş we mynasyp pensiýa bilen üpjünçiligine çenli.
Garry adamlaryň köpüsi garyplykda we saglygy goraýyş hyzmatyndan peýdalanyp bilmeýän aýallardyr. Syýasat olaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilmelidir.

Dördünjiden, geliň, garrylara göze görünmeýän ýa-da ejiz adamlar hökmünde garalyň!
Garry adamlaryň köpüsi belli bir girdejä bagly bolup, iş, maşgala durmuşy, okuw we bilim, şeýle hem beýleki adamlara ideg etmek bilen doly meşgullanýar. Olaryň sesleri we ýolbaşçylyk roly möhümdir.
Bu pandemiýa garşy bilelikde göreşmek üçin global we milli raýdaşlygyň, jemgyýetiň ähli agzalarynyň, şol sanda garry adamlaryň gatnaşmagynyň düýpgöter ýokarlanmagy zerur.
Adaty durmuşa dolanmaga we şol bir wagtyň özünde ony has gowulaşdyrmaga synanyşanymyzda, geljegiň talaplaryna laýyk gelýän garry adamlar üçin has öz içine alyjy, dowamly we amatly jemgyýet gurmak üçin meýilnama we düşünje gerek bolar.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir