Dünýäde iň köp satylýan we iň köp ulanylýan smartfonlar anyklanyldy

“DeviceAtlas” neşiri dünýäde iň köp satylýan we iň köp ulanylýan smartfonlaryň bellenilip geçilen materialyny neşir etdi. Bu barada ferra.ru habar berýär. Köp modelleriň arasyndan amerikan we koreý kärhanalarynyň gajetleri iň gowusy hasaplanylýar.
Şol neşir edilen maglumatlara laýyklykda, 2020-nji ýylda dünýäde iň meşhur smartfon diýlip 2016-njy ýylda çykarylan Apple smartfony, has dogrusy, iPhone 7 yglan edildi. Şol bir wagtda, internet-trafigi boýunça üstümizdäki ýylyň ikinji çärýeginde-de iPhone 7 dünýäde iň köp ulanylýan gurluş boldy. Şu ýylda iň köp satylýan smartfonlar barada gürrüň edilende, onda olara iPhone 11 we XR modelleri degişli edilýär.
Bellenilip geçilişi ýaly, dünýäde iň meşhur smartfonlaryň arasynda iPhone-iň beýleki modelleri, ýagny iPhone 6, 8 we X hem hasaba alynýar. Apple bilen bir hatarda, Günorta Koreýa kompaniýasy Samsung hem smartfonlaryň iň meşhur brendi boldy. Köp ýurtlarda bu brendiň S8 we S9 ýaly modellerine isleg köp bildirilýär. “DeviceAtlas” neşiri ýanwar aýyndan aprele çenli dünýäde iň köp satylýan we ulanylýan smartfonlary sanamak bilen W3C-dan (Bütindünýä toruň Konsorsiumy) alnan maglumatlara salgylanýar. AnTuTu bençmarkynyň birnäçe gün mundan öň geçiren nobatdaky testinde iPhone SE öňdebaryjy kärhanalaryň Android-flagmanlaryndan öňe geçdi.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir