2019-njy ýylyň iň girdejili filmleri atlandyryldy
Golliwud bilen bagly täzelikleri şöhlelendirýän “Deadline” amerikan neşiri geçen ýylyň iň girdejili filmleriniň we animasion lentalarynyň sanawyny düzdi. Bu barada rossaprimavera.ru habar berýär.
Birinji orny 900 mln dollar ýygnamagy başaran (ähli tutumlardan soň) kino taryhynda iň bir uly göwrümli blokbaster “Ar alyjylar. Final” («Мстители.Финал») filmi eýeledi. “Tükeniksiz urşuň” jemini jemleýän bu film gahrymanlar baradaky diňe bir girdejili film däl-de, eýsem iň bir girdejili kinolenta hem boldy. “Ar alyjylar” getiren girdejisi boýunça Jeýms Kameronyň “Awatar” filminden öňe geçdi.
Ikinji orunda mahabat, önümçilik we kinoteatr (ABŞ-daky kinoteatrlar prokatdan gazanylan puluň, takmynan, ýarysyny alýarlar) üçin giden çykdajylardan soň 890 mln dollar ýygnan Disney tarapyndan çykarylan “Sowuk ýürek-2” («Холодное сердце-2») multfilmi ýerleşdi. “Bürünç” Disney-iň ýene bir filmine, ýagny 580 mln dollar ýygnan “Şa ýolbars” («Король лев») multfilminiň kinoadaptasiýasyna degişli boldy.
Onuň yzyndan “Joker”, “Kapitan Marwel”, “Oýnawaçlaryň taryhy” («История игрушек»), “Alladin” we “Möý adam. Öýden uzakda” («Человек паук. Вдали от дома»), “Ýyldyz göreşijileri: Skaýuoker. Gündogar” («Звездные войны: Скайуокер. Восход»), “Jumanji. Täze tapgyr” («Джуманджи. Новый уровень»), “Ol 2” («Оно 2») we “Aždarhany nädip öwrenişdirmeli 3” («Как приручить дракона 3») filmleri gelýär.
Belläp geçsek, iň girdejili filmleriň köp bölegi “Ýyldyz göreşijileri” boýunça filmleriň we seriallaryň döredilmegine jogap berýän Marvel we LucasFilm studiýalaryna eýe bolan Disney kompaniýasyna degişlidir. Ýaňy-ýakynda kompaniýa FOX studiýasyny hem satyn aldy. Bu bolsa Disney kompaniýasyna “Iks adamlaryna” («Людей Икс») bolan hukugyny yzyna gaýtarmaga mümkinçilik berdi. Geçen ýylyň tomsunda Marvel studiýasy kinoäleminiň dördünji fazasyny anons etdi. Bäş film 2021-nji ýylyň ahyryna çenli çykar diýlip meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, bäş serial Disney+ platformasynda goýberiler.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir