Mbappe ESPN-iň wersiýasy boýunça dünýäniň iň gowy ýaş futbolisti diýlip atlandyryldy
“ESPN” sport telewizion kanaly 21 ýaşa çenli dünýäniň iň gowy ýaş futbolistleriniň reýtingini düzdi. Sanaw 36 futbolistiň adyndan ybarat. Bu sanawy “PSŽ-niň” we Fransiýanyň ýygyndy toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe (21 ýaş) esaslandyrdy. Ikinji orny Dortmund “Borussiýasynyň” ýarym goragçysy Jeýdon Sanço (20 ýaş) eýeledi, iň gowularyň üçlügini bolsa “Liwerpulyň” goragçysy Trent Aleksander-Arnold (21 ýaş) jemleýär.
Bu reýting düzülen ýagdaýynda iki zat, ýagny toparyň esasy düzüminde geçirilen wagt hem-de futbolistiň çykyş edýän turnirleriniň derejesi göz öňünde tutuldy.
Reýtingi Winisius Žunior (“Real”, 19 ýaş) dowam etdirýär. Bäşinji orunda Kaý Hawerts (“Baýer”, 19 ýaş), altynjy orunda bolsa Matteýs de Ligt (“Ýuwentus”, 20 ýaş) ýerleşdi. Onuň yzyndan şular gelýär: Janluiji Donnarumma (“Milan”, 21 ýaş), Erling Holand (“Borussiýa”, 19 ýaş), Federiko Walwerde (“Real”, 21 ýaş). Onlugy Žoau Feliks (“Atletiko”, 20 ýaş) jemleýär.
Iň gowularyň hataryna şu futbolistler hem goşuldy: Ussem Auar, Eduardo Kamawinga, Jonatan Dewid, Alfonso Dewins, Ansu Fati, Fil Foden, Meýson Grinwud, Matteo Genduzi, Aşraf Hakimi, Kallum Hadson-Odoi. Doly sanaw bilen siz news.sportbox.ru saýtynda tanşyp bilersiňiz.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir