Apple birinji çärýekde planşetleri ýola goýmak boýunça dünýä liderligini gazandy
Apple amerikan korporasiýasy 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde ondan öňki çärýekdäki ýaly, planşetleriň dünýä üpjünçiligi boýunça lider boldy, ýagny ol International Data Corporation (IDC) analitik firmasynda bellenilişi ýaly, 6,9 mln planşedi ýola goýdy. Bu barada 1prime.ru habar berýär.
Ýöne şunuň bilen birlikde görkeziji ýyllyk aňlatmasy boýunça 30,4% pese düşdi. Planşetleriň bazarynda Apple kompaniýasynyň paýy bir ýyl mundan öňki 32,9%-den 28%-e çenli kemeldi. Deňeşdirmek üçin getirsek: Samsung günorta koreý kompaniýasy üç aý hasabat döwründe 5 million planşedi ýola goýdy (ösüş ýyllyk aňlatmasynda 3,9%-e barabar), onuň bazardaky paýy bolsa ondan öňki ýylyň degişli döwründäki 16%-den 20,2%-e çenli ýokarlandy.
“Apple planşetleriň bazarynda liderlik etmegi dowam etdirýär, ýöne planşetleriň uly möçberiniň 2019-njy ýylyň içinde ýola goýulmagy we COVID-19 sebäpli birinji çärýekde kärhanalaryň ýapylmagy kompaniýanyň garaşylyşyndan az gurluş öndürmegine sebäp boldy, bu bolsa, elbetde, 30,4% pese düşmä getirdi. Muňa garamazdan, kompaniýa bazarda heniz hem öňdebaryjy” – diýlip, habarda aýdylýar.
Planşetleri ýola goýmak boýunça kompaniýalaryň-öndürijileriň ilkinji bäşligine hytaý kompaniýasy Huawei we Lenovo hem-de amerikan kompaniýasy Amazon hem girdi. Ýagny, Huawei görkezijini ýyllyk aňlatmada 8,3% kemeltmek bilen 3 million planşedi ýola goýdy, kompaniýanyň paýy 2019-njy ýylyň birinji çärýegindäki 10,7%-e garşy durmak bilen 12%-e ýetdi.
Lenovo hem üpjünçiligiň göwrümini 1,9%, ýagny 1,6 million planşede çenli artdyrdy (onuň bazardaky paýy hem ondan öňki ýyldaky 5,2%-e garşy durmak bilen 6,4%-e çenli ýokarlandy), Amazon üpjünçiligi ýyllyk aňlatmasynda 6,4%, ýagny 1,4 million planşede çenli ýokarlandyrdy, bazar paýy geçen ýylyň hasabat döwründäki 4,5%-e garşy durup, 5,8%-e çenli artdy.
Umuman, 2020-nji ýylyň birinji çärýegi boýunça planşetler bilen umumy üpjünçilik ýyllyk aňlatmasynda 18,1%, ýagny 24,6 million planşede çenli pese düşdi. Ekspertler muny dowam edýän koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşdyrýarlar.

Tehnologiýa, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir