«Türk Howaýollary» howa gatnawlarynyň togtadylmasyny 28-nji maýa çenli uzaltdy

Türkiýäniň esasy howa gatnadyjysy bolan Turkish Airlines kompaniýasy 28-nji maýa çenli halkara howa gatnawlaryny ýerine ýetirmez. Bu barada sişenbe güni kompaniýanyň baş direktory Bilal Ekşi Twitterde habar berdi, diýip Trend agentligi habar berýär.
«Biz munuň kyndygyny bilýäris, ýöne bu göreşde ýeňiş gazanmak üçin ählimize sabyrly bolmak gerek. Gynansak-da, biz içerki we halkara gatnawlarymyzy 28-nji maýa çenli ýatyrmaly bolýarys» - diýip Ekşi ýazdy.
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 27-nji martda ýurduň ýaşaýjylaryna ýüzlenme bilen çykyş etdi. Onda koronawirusyň ýaýramagyna garşy täze çäreleriň girizilendigini habar beripdi. Çäreleriň biri hökmünde ol halkara gatnawlarynyň togtadylmagyny belläpdi.
Koronawirus Türkiýede ilkinji gezek 10-njy martda Ýewropadan dolanyp gelen ýerli ýaşaýjydan ýüze çykarylypdy. Şondan bäri, ýurt boýunça kesellänleriň sany 114 müňden geçdi. Aradan çykanlar – 2 müň 992 adam, sagalyp gidenler – 38 müň 809 adam.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir