Limon organizme nähili täsir edýär?

Açyk sary reňkli miwe bolan limon özüniň özboluşly häsiýetleri bilen uly orna mynasyp bolýar. Belli bolşy ýaly, bu miwe bölejikli çaşka çaý diňe bir ýylatman, eýsem, organizmiň dürli infeksiýalara garşylyk görkezijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Bu hakykatdanam şeýlemikä, şeýle-de bu meşhur miwe özünde nämeler gizleýär, bu barada Sputnik habarlar agentligi gürrüň berýär.
Limonyň oňaýly taraplary. Öň limon ekzotik miwe hasaplanylan bolsa, häzirki wagtda ony islendik dükanda tapmak bolýar. Limon özüniň peýdaly häsiýetleri we özünde askorbin kislotasyny jemleýän özboluşly düzümi bilen bahalandyrylýar. Hut şol hem organizmiň immun sistemasyny işjeňleşdirýär we ony berkidýär. Onuň bejergi häsiýetleri dümewi we respirator infeksiýalary bejermekde kömek edýär.
Bu miwe damarlary berkidýär, ganyň düzümindäki eritrositleri ýokarlandyrýar, ýürek işini kadalaşdyrýar we organizmi “erbet” holesterinden arassalaýar. Limon saçyň we deriniň ýagdaýyna-da oňaýly täsir edýär.
Sitrus diabetiň, inçekeseliň we hatda rahit keseliniň öňüni almakda maslahat berilýär, sebäbi limon suwy işdäni açýar.
Ýöne limonyň gymmaty dümew we beýleki epidemiýalar döwründe has hem ýokary, çünki ol adam organizmini goldaýan immuniteti berkidiji içgileriň hataryna girýär. Limonyň düzüminde organiki kislotalar, iýmit süýümleri, witamin birleşmeleri, kalsiý, sink, fosfor, şeýle-de köp sanly gymmatly komponentler saklanýar.
Limonyň otrisatel taraplary. Sitrus çeni bilen kabul edilende saglyga zyýan ýetirmeýär. Ýöne onuň rugsat berilmeýän ýerlerini hem bilmeli. Limon agyr allergiýada, giperwitaminozda, bagyr kesellerinde, gastritde, ýazwada we beýleki iýmit siňdiriş organlarynyň kesellerinde maslahat berilmeýär.
Limonyň şäniklerini göni aýyrmaly, sebäbi olarda zäherleýji maddalar bolýar.
Ýatdan çykarmaň, hemme zat çeni bilen kabul edilende gowudyr, limon bolsa hemme keseliň dermany däl.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir